Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Halkara derňewe çagyryş we oppozisiýa gepleşikleri


Siriýanyň oppozisiýasy Müsüriň paýtagty Kairde maslahat geçirýär. 2-nji iýul, 2012.

Siriýanyň oppozisiýasy Müsüriň paýtagty Kairde maslahat geçirýär. 2-nji iýul, 2012.

Siriýanyň dürli toparlardan durýan oppozisiýasy gapma-garşylyga gaplanan ýurtlarynyň syýasy geçişinde umumy pozisiýa birleşmek üçin iki gün bäri gepleşik geçirýär.

Ikinji gün Arap ligasy, Türkiýe we arap döwletleri tarapyndan Kairde guralan duşuşykda siriýa oppozisiýasy birleşmäge we prezident Başar Al-Assadyň hökümetine garşy ynamdar alternatiwa döretmäge çagyryldy.

Bu maslahata Siriýanyň oppozisiýa wekillerinden 200 çemesi adam gatnaşýar, ýöne Assadyň güýçlerine garşy ýaragly göreş alyp barýan Azat siriýa goşuny ony boýkot etdi.

Ýaraglanan siriýa pitneçileri dünýä döwletleriniň geçen hepde ahyrynda Siriýadaky syýasy geçiş üçin taslan we häzirki režimiň agzalaryny hem öz içine alyp biljek planlaryna garşy bolýar.

Ikinji gün Siriýa rewolýusiýasynyň baş komissiýasynyň hem, syýasy “jedellere” salgylanyp, gepleşiklerden çykmagy Kair maslahatyna bir urgy boldy.

Adamzada garşy jenaýat

Bu duşuşyk adam hukuklaryny goraýan Hýuman raýts wotç guramasynyň Siriýanyň hökümet güýçleriniň graždan adamlara yzygiderli ýowuz daramagy we olary gynamagy barada jikme-jik hasabat çykarmagyna gabat geldi.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän hukuk goraýjy topar Siriýada adam gynamagyň adamzada garşy jenaýat bolup durýandygyny we oňa Halkara jenaýat sudunda garalmalydygyny aýdýar.

Human Rights Watch guramasynyň barlagçysy Ole Solvang, şeýle diýdi:

"Siriýa häkimiýetleri gynag otaglary bütin Siriýany öz içine alýan gynag merkezleriniň ulgamany işledýär. Onsoň bu guramanyň giň ýaýran we sistemalaýyn tebigaty onuň adamzada garşy jenaýatdygyny açyk-aýdyň edýär."

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Nawi Pillaý hem birinji gün Halkara jenaýat sudunyň Siriýada amala aşyrylýandygy aýdylýan zalymlyklary derňemegi baradaky çagyryşyny gaýtalady.

Pillaý Nýu-Ýorkda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň geçiren brifiňinden soň şeýle diýdi:

"Meniň pikirimçe, hem hökümet güýçleri, hem ýaraglanan garşydaşlar parahat ilata zelel berýän hereketlere ulaşypdyr. Graždan ilata garşy hüjüme dahylly adamlar jogapkärçilige çekilmelidir."

Pillaý siriýa goşunynyň hassahanalara hüjüm etmek we zorlamak ýaly täze “çynlakaý” hukuk bozmalary amala aşyrýandygyny, oppozisiýa güýçleriniň bolsa, güman edilýän hökümet ýardamçylaryny yzygider jezalandyryp öldürýändigini aýdýar.

Şeýle-de ol Siriýa ýarag akmasyny ýazgardy we bu konfliktiň mundan aňryk harbylaşdyrylmaly däldigini duýdurdy.

Ýarag nirden barýar?

Siriýa hökümetiniň esasy ýarag üpjünçileri Orsýet we Eýran bolsa-da, Pillaý bu ýurda getirilýän ýaraglaryň nireden gelýändigini aýtmady.

Katar bilen Saud Arabystany oppozisiýa ýarag iberýär diýip ynanylýar. Birleşen Ştatlar bolsa siriýa pitneçilerine diňe ok-ýaragsyz ýardam berýändigini aýdýar.

Siriýadaky zorluk, goşunyň Homs şäherinde pitneçileriň ýerleşýän ýerlerini bombalamagy bilen, bu hepde hem adam pidalarynyň artmagyny dowam etdirýär.

Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy birinji gün ýurt boýunça azyndan 30 adamyň öldürilendigini aýtdy. Bu topar geçen martda Assadyň dolandyryşyna garşy turan gozgalaňdan bäri 16500 adamyň zorlugyň pidasy bolandygyny aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG