Sepleriň elýeterliligi

Lebap galla planyny doldy, döwlet näme üçin dolanok?


Türkmenistanyň oba hojalygynda ýurduň azyk garaşsyzlygynda esasy ekin bolan bugdaý hasylyny ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň oba hojalygynda ýurduň azyk garaşsyzlygynda esasy ekin bolan bugdaý hasylyny ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär.

2-nji iýulda Türkmenabatda welaýatyň daýhanlarynyň zähmet ýeňşiniň hormatyna ullakan baýramçylyk dabarasy guraldy.

Lebaply gallaçylar ýurduň galla harmanyna 350 müň tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyryp, öz üstlerine alan şertnamalaýyn planlaryny ýerine ýetirdiler.

Lebap welaýat häkimligi, galla planynyň dolmagy mynasybetli, döwlet baştutany tarapyndan “Cadillac Escalade” markaly ulag bilen sylaglandy.

Biraz öň türkmen metbugaty ýurduň gallaçylarynyň ekin meýdanlaryndan 1 million tonna bugdaý hasylyny ýygnandygyny habar berdi.

Ýene 600 müň tonna däne gerek

Döwletiň bellän galla planyny doldurmak üçin ýene 600 müň tonna bugdaý hasyly ýygnalmaly. Şol bir wagtda, ýurt içinden gowuşýan resmi bolmadyk habarlara we düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýerli çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, ekin meýdanlarynda ýetişdirilen galla hasylynyň 90 prosentden gowragy ýygnalyp alnypdyr.

“Hronika Turkmenistana” internet saýtynyň 2-nji iýulda resmi Aşgabadyň galla syýasaty we ýurtda dowam edýän un, çörek meselesi barada çap eden makalasynda türkmen gallaçylarynyň her gektardan alýan bugdaý hasylynyň 12-17 sentner töweregidigi, ýagny hasyllylygyň örän pesdigi aýdylýar.

Emma şu ýyl galla planyny dolan Lebap welaýatynda her gektardan 50, 60, hatda 70 sentner hasyl alyp, plany iki dolan kärendeçileriň hem bardygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna pikirini aýdan daýhanlar bu ýyl suwuň bol bolandygyny, tehnika kömeginiň wagtynda berlendigini, zyýanly mör-möjeklere garşy ulanylan dermanlaryň gowy netije berendigini gürrüň berdiler.

Kärendeçi döredilen şertlerden razydygyny aýdýar

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akbibi Taňryberdiýewanyň 2-nji iýulda türkmen telewideniýesinde efire berlen minnetdarlyk sözünde aýdylmagyna görä, ol özüniň iki gektar kärende ýerinden bol hasyl alypdyr. Ol daýhanlar üçin döredilen şertlerden razydygyny aýdýar.

Lebap geçen ýyl galla planyny dolup bilmändi. Munuň esasy sebäbi ýylyň gurak gelmegi, suwuň ýetmezçiligi bilen düşündirilýär.

Türkmenistanda galla esasan suwarymly ýerlere ekilýär we azyndan 3-4 gezek suwarylmagyny talap edýär. Ozallar türkmen daýhanlary dag eteklerinde we beýleki amatly ýerlerde düme bugdaý hem ekipdirler.
Häzir Nyýazow döwründäki ýaly un, çörek gytçylygy ýok.

Ýöne sowet döwründe esasy tehniki ekin bolan pagta gallaçylygy soňky orunlara geçirdi we bu ýagdaý türkmen daýhanlarynyň ata-baba tejribelerinden biraz daşlaşmagyna sebäp boldy diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Azyk garaşsyzlygy baradaky arzuw

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň başky ýyllarynda un, çörek gytçylygynyň döremegi şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýurduň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek üçin ýörite “Galla syýasatyny” öňe sürmegine sebäp bolupdy.

Emma bu syýasat, Nyýazowyň ömrüniň soňky ýllarynda telewideniýede berlen çykyşlarynyň birinde boýun alşy ýaly, “ýeriň hakyky eýesiniň tapylmazlygy” zerarly, ýurduň azyk garaşsyzlygyny üpjün edip bilmedi.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewiň tassyklamagyna görä, häzir Nyýazow döwründäki ýaly un, çörek gytçylygy ýok.

Žurnalist Hallyýew häzir halka berilýän unuň hiliniň hem gowulaşandygyny, Nyýazow döwründäki ýaly, tüwi ýarmasy garylan we tamdyra ýapylanda uly kynçylyk döredýän unuň satylmaýandygyny aýdýar.

Çözgüdine garaşýan meseleler

Ýöne “Türkmen inisiatiwasy” topary Türkmenistanda henizem un, çörek babatda çözülmeli meseleleriň bardygyny, ýurduň bazarlarynda Orsýetden we Gazagystandan getirilen unuň has gowy görülýändigini, şeýle-de ilata arzan bahadan un paýlamak düzgüniň entegem saklanyp galýandygyny ýatladýar.

Ýerli synçylar şol çözülmeli meseleleriň esasan ýerleriň hususy eýeçilige berilmegi, daýhanyň erkinligi we hakyky bazar kanunlary esasynda işläp bilmegi bilen baglydygyny aýdýarlar.

Ýurduň daýhan birleşikleri we daýhan hojalyklary barada kabul eden kanunlarynda aýdylyşyna görä, kärendeçiniň şertnamalaýyn borçnamadan artyk öndüren önümi özüne degişli bolmaly we ol ony öz islegine görä ulanyp bilmeli.

Emma, resmi bolmadyk, ýöne ynamdar çeşme tarapyndan tassyklanan maglumata görä, kärendeçiniň bu hukugy plan dolmagyň hatyrasyna gurban edilýär.

ABŞ-nyň Oba hojalyk departamentiniň bilermenleriniň 2005-nji ýyldaky kesgitlmesine görä, Türkmenistanyň ilaty üçin ýylda 2.5 million tonna galla gerek.

Ýerli synçlaryň, şol sanda tejenli agronom Akmyrat Ataýewiň Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen eden söhbetdeşliklerinde aýtmagyna görä, Türkmenistanda ýeriň daýhana uzak möhletli hususy eýeçilige berilmezligi, gallaçynyň aljak girdejisi bilen eklenip biljegine we ertirki gününe ynamynyň bolmazlygy ýurduň azyk, galla garaşsyzlygynyň gazanylmagy üçin alynmaly hasylyň toplanyp bilinmezliginiň esasy sebäbi bolup durýar.

Häzir Türkmenistanda döwlete tabşyrylan her tonna bugdaý üçin 400 manat tölenýändigi we şondan tehnika, dökün we suw tölegleriniň saklanyp galynýandygy, netijede daýhanyň eline her tonna bugdaý üçin 280, 300 manat düşýändigi habar berilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG