Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň oppozisiýasy Kairde gepleşikler geçirýär


Siriýanyň oppozisiýa wekilleri indi ikinji gün gepleşikleri geçirýärler. Arap Ligasynyň howandarlygynda Kairde geçýän gepleşikleriň dowamynda, Siriýa boýunça umumy syýasy bir pozisiýany işläp düzmek göz öňünde tutulýar.

Bu aralykda, adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch guramasy Siriýanyň režiminde asuda ýaşaýjylaryň gynamalara sezewar edilýändigi barada hasabat ýaýratdy.

Human Rights Watch guramasy Siriýada dowam edýän gynamalaryň adamzada garşy jenaýatdygyny öňe sürüp, munuň Halkara jenaýat sudy tarapyndan seljerilmelidigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad 22-nji iýunda Türkiýäniň uçarynyň urlup düşürlendigine özüniň gynanýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG