Sepleriň elýeterliligi

Yrakda bomba partlamasynda azyndan 25 adam öldi


Yragyň günortasyndaky Diwaniýa şäherindäki bazarlaryň birinde amala aşyrylan ulag partlamasynda, azyndan 25 adam öldi, 50 töweregi hem ýaralandy.

Şeýle-de, sişenbe güni irden Kerbela şäherinde köçeýaka bobma partladylanda, dört adam öldi we 20-ä golaýy hem ýaralandy. Heläk bolanlaryň ählisi şaýy zyýaratçylarydy. Zyýaratçylar şaýy musulmanlarynyň uly sarpa goýýan 12-nji ymam, al-Mähdiniň doglan gününi bellemäge ýygnanypdylar.

“Al-Kaýda” toparynyň Yrakdaky bölümi soňky döwürde şaýy musulmanlaryna garşy amala aşyrylan hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.
XS
SM
MD
LG