Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda awstraliýaly bir esger öldürildi


Owganystanda Awstraliýanyň ýörite harby güýçleriniň hatataryndan, bir esger öldi. Bu barada Awstraliýanyň resmileri habar berýär.

Netijede, Owganystanda häzire çenli 33 sany awstraliýaly heläk boldy.

Goranmak resmileriniň berýän maglumatyna görä, duşenbe güni geçirilen harby operasiýanyň dowamynda, 40 ýaşly awstraliýaly esgeriň egninden ok degipdir.

Awstraliýanyň premýer-ministri Julia Gillard bu ýitginiň “uly urgy” bolandygyny aýtdy. Owganystanda Awstraliýanyň 1550-ä golaý esgeri bar.
XS
SM
MD
LG