Sepleriň elýeterliligi

Medwedew dawaly Kuril adalaryna sapara barýar


Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew dawaly Kuril adalaryna sapar edýär. Ýaponiýa bu sapara öz protestini bildirdi. Ol adalar Orsýetiň garamagynda bolup, Ýaponiýa hem olara öz haklaryny bildirýär.

Medwedew "Günorta Kuril adalaryny" Orsýetiň wajyp bir bölegi diýip häsiýetlendirdi.

2010-njy ýylyň noýabrynda Medwedew prezident wagty hem Kuril adalaryna sapar edipdi. Ol bu dawaly adalara baran Orsýetiň ilkinji ýolbaşçysy bolupdy. Bu sapar öz gezeginde Ýaponiýanyň nägileligini döretdi. Tokio şol adalary özüniň demirgazyk territoriýalary diýip hasap edýär.
XS
SM
MD
LG