Sepleriň elýeterliligi

Lopez Abrador Meksikadaky saýlawlaryň netijelerini ret edýär


Meksikanyň prezidentligine dalaş eden çepçi kandidat Andres Manuel Lopez Obrador özüniň garşydaşy Enrikie Pena Nietonyň ýeňşini ykrar etmekden ýüz öwürdi.

Lopez Obrador metbugat konferensiýasynyň dowamynda, ýekşenbe güni geçirilen ses berilşigiň “pis” bolandygyny aýtdy.

Meksikada geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ilkinji netijelerine görä, Guramaçylykly rewolýusiýon partiýasynyň (PRI) wekili Enrikie Pena Nieto sesleriň 38% töweregini alyp, ýeňiş gazanypdy.

Demokratik rewolýusiýon partiýasynyň wekili Lopez Obrador bolsa, sesleriň 31% alypdy.

Lopez Obrador 2006-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna hem gatnaşypdy. Ol şonda 1% aratapuwut bilen ýeňlipdi. Şondan soň ol Meksika Siti şäheriniň durmuşyny 1 aý çemesi böwetlän protestleri gurnapdy.
XS
SM
MD
LG