Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulyň Şehir Uniwersiteti


Açylanyna kän wagt geçmese-de, Stambulyň Şehir Uniwersiteti talyplaryň arasynda gün-günden meşhurlyk gazanýar. Häzirlikçe daşary ýurtly studentleriň sany diňe ýüze golaý bolsa-da, uniwersitetiň administrasiýasy olaryň sanyny artdyrmaga synanyşýar.

Azatlyk Radiosy bu täze uniwersitetiň programmalary, fakultetleri we daşary ýurtly talyplara hödürleýän mümkinçilikleri bilen gyzyklanyp, uniwersitetiň daşary ýurt talyplary boýunça utgaşdyryjysy Ýasemin Kilit bilen şöhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Mümkin bolsa uniwersitetiňiz barada giňräk maglumat beräýseňiz.

Ýasemin Kilit: Biziň ýokary okuw jaýymyz Stambul şäheriniň täze uniwersitetleriniň biri, onuň düýbi 2008-nji ýylda tutuldy, ilkinji talyplarymyzy 2010-njy ýylda kabul etdik. Biz öz işimizi has giňeltmek isleýäris, şonuň üçin birinji ýyldan talyplara stipendiýa berip başladyk.

Biziň jemi 13 fakultetimiz bar. Uniwersitetimiz, esasan-da, jemgyýetçilik we gumanitar ugurlaryna üns berýär, şeýle-de biziň inženerçilik departamentimizem bar.

Biz eýýäm 81 sany daşary ýurtly studente stipendiýa berdik. Stipendiýamyz okuw, saglyk ätiýaçlandyryş we birinji ýyl boýunça talyplaryň jaý üpjünçiligi bilen bagly tölegleri öz içine alýar.

Stipendiyalarymyz doly we bölekleýin görnüşinde hödürlenýär. Stipendiýalaryň kime beriljegi talyplaryň orta mekdepde alan bahalaryna görä kesgitlenýär. Şeýle-de, talyplar daşary ýurt ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin, haýsydyr bir döwlet we beýleki synaglardan geçen bolsalar, ol has göwnejaý bolýar.

Azatlyk Radiosy: Uniwersitetiňiziň giriş düzgünleri nähili? Meselem, giriş ekzamenleri geçirilýärmi?

Ýasemin Kilit: Biziň ýokary okuw jaýymyzda giriş ekzamenleri geçirilmeýär. Okuwa girjekleriň orta mekdebi tamamlandyklary baradaky şahadatnamasy bolsa ýeterlik.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandan gelen talyplaryňyz barmy?

Ýasemin Kilit: Diňe biri bar, ol türk dili we edebiýaty fakultetinde okaýar.

Azatlyk Radiosy: Sapaklaryňyz haýsy dillerde geçirilýär, türk dilindemi ýa-da iňlis dilinde?

Ýasemin Kilit: Sapaklaryň ählisi iňlis dilinde geçirilyär. Diňe hukuk hem-de türk dili we edebiýaty fakultetlerinde sapaklar iňlis we türk dillerinde okadylýar, ýagny şol fakultetleriň sapaklarynyň 70 %-i türk, 30 %-i bolsa iňlis dilinde geçirilýär.

Azatlyk Radiosy: Şehir uniwersitetine girmek üçin şu ýylky arza berenleriň arasynda türkmen ýaşlary barmy?

Ýasemin Kilit: Entek ýok, arzalary 15-nji aprelden kabul edip başladyk, ol iýulyň soňuna çenli dowam eder. Henize çenli Türkmenistandan arza beren bolmady. Geçen ýyl hem 900 abituriýentiň diňe 12-si turkmenistanlydy.

Azatlyk Radiosy: Häzirki wagtda stipendiýa alyp okaýan okuwçylaryňyzyň sany näçe?

Ýasemin Kilit: Uniwesitetimize studentler kabul edilip başlanan ýylynda 30, ikinji ýyl 24 doly we 60 bölekleýin stipendiýalary beripdik. Häzirki wagtda 210 studente stipendiýa berilýär. Häzir bolsa stipendiýalaryň täze bäş görnüşini girizip, daşary ýurt okuwçylaryna niýetlenen maliýe goldawyň sanyny hem artdyrdyk.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda orta mekdepler 10 ýyllyk, siz muňa garamazdan, olaryň attestatlaryny, ýagny şahadatnamalaryny ykrar edýärsiňizmi?

Ýasemin Kilit: Elbetde, kabul edýäris. Biz olaryň orta mekdepde okan sapaklaryny bilmek üçin, olaryň şahadatnamalaryny görmek isleýäris. Eger olar TOEFL ya-da IELTS resmi synaglaryny tabşyran bolsalar, onda olaryň doly stipendiýany gazanmaga mümkinçiligi artýar.

Azatlyk Radiosy: Okuwa girmek hem-de stipendiýa almak üçin nähili resminamalary tabşyrmaly?

Ýasemin Kilit: Birinjiden, orta mekdebi tamamlandyklary baradaky şahadatnamasynyň nusgasyny ibermeli. Eger olar stipendiýa almak isleýän bolsalar, onda TOEFL, SAT we Türkmenistandaky beýleki synaglaryň netijelerini hem ibermeli.

Azatlyk Radiosy: Resminamalary tabşyrandan soň okuwçynyň kabul edilip-edilmänligi barada haçan maglumat berilýär?

Ýasemin Kilit: Arzalary awgust aýynyň 5-ne çenli kabul edip bolanymyzdan soň biz olary biri-biri bilen deňeşdirip görýäris. Umuman aýdylanda, meniň pikirimçe, arzalary kabul ediş möhleti gutarandan soň, 20 güne galman olaryň netijeleri yglan edilýär.

Abituriýentler öz arzalaryny e-mail arkaly iberip bilerler, arzanyň nusgasyny websaýtymyzdan tapmak mümkin. Websahypamyza girensoň, olar käbir soraglara jogap berip, öz dokumentlerini bize elektron görnüşde ýollap bilerler.

Azatlyk Radiosy: Siz bilen nädip habarlaşyp bolar?

Ýasemin Kilit: Biziň resmi websaýtymyz: www.sehir.edu.tr we e-mail salgymyz iro@sehir.edu.tr.
XS
SM
MD
LG