Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: teatr režissýory Bolat Atabaýew tussaglykdan boşadyldy


Çarşenbe güni Gazagystanyň häkimiýetleri belli teatr režissýory, syýasy aktiwist Bolat Atabaýewi tussaglykdan boşatdylar.

Bolat Atabaýew Žanaözen şäherinde bolan wakalar bilen baglanyşykly ilat arasynda “sosial ýigrenji” öjükdirmekde aýyplanyp, 15-nji iýunda tussag edilipdi.

Onuň tussag edilmegine gazagystanly aktiwistler bilen birlikde, käbir daşary ýurtly aktiwistler-de, şol sanda, Germaniýanyň-da käbir resmileri protest bildirdiler.

Bolat Atabaýewe Germaniýada şu ýylyň awgustynda bu ýurduň “Gýote” medalyny gowşurmaklyk planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG