Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan NATO üçin transport korridoryny täzeden açýar


Çarşenbe güni NATO-nyň Pakistanyň üstünden Owganystana geçýän transport korridorynyň täzeden işläp başlamagyna garaşylýar. Hepdäniň sişenbe güni Pakistanyň hökümeti bu transport korridorynyň täzeden açylmagyny oňlady.

Geçen ýylyň noýabrynda Owganystan bilen serhet ýakada NATO-nyň geçiren howa hüjüminde Pakistanyň 24 esgeriniň öldürilmeginiň yzy bilen Pakistan NATO-nyň bu tranport korridoryny petikläpdi.

Bu ýagdaý sebäpli NATO ýurtlary özleriniň zerur ýüklerini Orsýetiň we Merkezi Aziýanyň üsti bilen Owganystana daşamaga mejbur bolupdylar.
XS
SM
MD
LG