Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň parlamentiniň spikeri wezipesinden çekilýär


Çarşenbe güni Ukrainanyň parlamentiniň spikeri Wladimir Litwin öz wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Bu wakadan bir gün, sişenbe güni ýurduň parlamenti dawaly geçen ses berişlikde rus diline resmi döwlet dili statusyny bermek baradaky kanunyň taslamasyny kabul etdi.

Bu kanun, esasan, parlamentde agdyklyk edýän Regionlar partiýasynyň deputatlary tarapyndan goldanyldy. Indi bu kanuna prezident W.Ýanukowiç gol çekmeli.

Rus diline döwlet dili statusyny bermek baradaky kanunyň parlamentde kabul edilmegine garşy protest bildirip, paýtagt Kiýewde we käbir beýleki şäherlerde müňlerçe adam demonstrasiýa geçirdi.

Täze kanun Ukrainanyň köp regionlarynda rus diliniň ukrain dili bilen deň hatarda resmi dil hökmünde ulanylmagyna ýol açýar.
XS
SM
MD
LG