Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: kanun organlarynyň 6 aýlyk işiniň jemi jemlendi


Sişenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyny geçirdi. Bu maslahat ýurduň harby we kanun goraýjy organlarynyň ýarym ýyllyk işiniň jemine bagyşlanyldy.

Maslahatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümine girýän ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary öz dolandyrýan pudaklaryndaky edilen işleriň jemleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň başlygy, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, umuman, ýylyň başky ýarym ýylynda bu pudaklarda edilen işlere kanagatlanarly baha berdi.
XS
SM
MD
LG