Sepleriň elýeterliligi

Pakistan NATO üçin ýük ýollaryny açýar


NATO-nyň Owganystandaky goşunlaryna ýag-ýangyç daşaýan tankerler, Karaçi, 16-njy maý, 2012 ý.

NATO-nyň Owganystandaky goşunlaryna ýag-ýangyç daşaýan tankerler, Karaçi, 16-njy maý, 2012 ý.

Pakistanyň hökümeti Owganystana geçýän transport korridorynyň täzeden açylmagyny oňlady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Pakistanyň üstünden Owganystana geçýän transport korridorynyň açylýandygyny mälim etdi. Gürrüňi gidýän bu ýük ýoly geçen ýylyň noýabryndan bäri ýapykdy.

Klintonyň sözlerine görä, Pakistanyň daşary işler ministri Hina Rabbani Khar “Owganystana geçýän transport ýollarynyň açyljakdygyny” aýdypdyr. Rabbani Khar bu barada Klinton bilen özara telefon gürrüňdeşliginde mälim edipdir.

Şeýle-de Klinton geçen ýylyň 26-njy noýabrynda ABŞ-nyň howa zarbasynda Pakistanyň 24 esgeriniň heläk bolandygyna özüniň “çuňňur gynanjyny” bildirdi.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Wiktoriýa Nuland Klintonyň bu sözlerini şeýle düşündirdi: “Bärde aýdyljak bolnan zat şu, ýagny terrorizme garşy göreşde biziň iki ýurdumyzyň hem ýitgi çekmegi iki tarapy-da gynandyrýar”.

Noýabrdaky howa zarbasyndan soň, Pakistan dessine Owganystana barýan ýük ýollaryny böwetläpdi. Şeýle-de munuň netijesinde Yslamabat bilen Waşingtonyň diplomatik gatnaşyklarynda dartgynlylyk döräpdi.

Yslamabat, ýük ýollary açylmagyndan ozal, ABŞ-nyň öz howa zarbasy üçin ötünç soramalydygyny öňe sürüp gelýärdi.

Pakistanyň ABŞ-daky ilçisi Şerry Rehman mundan beýläk iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň gowulanjakdygyny aýtdy. Hususanda ol: “Biz Döwlet sekretary Klintonyň beýanatyna gowy baha berýäris. Şeýle-de mundan beýläk özara ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gowulanjakdygyna umyt edýäris” diýdi.

Transport ýollarynyň açylmagy bilen, NATO üçin has gymmat düşýän, Orsýetiň we Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän demirgazyk üpjünçilik ýoluna bolan garaşlylyk indi aradan aýrylar.

Owganystandaky Halkara güýçleriniň komanduýuşisi, ABŞ-nyň generaly Jon Allen ýaranlygyň ýükleri üçin Pakistanyň transport koridorynyň açylmagyny gowy garşylady.
XS
SM
MD
LG