Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekspert türkmen-azeri Hazar dawasy barada


Hazaryň Azerbaýjan tarapynda...
Hazaryň Azerbaýjan tarapynda...
Türkmenistanyň Hazardaky üç nebit-gaz ýatagy baradaky meseläni BMG-niň Halkara adalat sudunda çözmekçidigini aýtmagy halkara habar serişdelerinde türkmen-azeri dawasy barada dürli pikirleriň peýda bolmagyna getirdi. Türkmenistan 2001-nji we 2009-njy ýyllaryň tomsunda hem Azerbaýjany Hazar meselesi boýunça halkara suduna berjekdigini aýdypdy.

Bu meseläniň häzir ýene ýüze çykmagyna näme sebäp boldy? Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, düýbi Kanadada ýerleşýän Karlton uniwersitetiniň Ýewropa we Ýewraziýa boýunça departamentiniň professory Robert M. Cutler bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ýakynda başlanan jedel barada siz näme pikir edýärsiňiz?

Robert M. Cutler: Birinjiden, bu gynandyryjy, şeýle-de çylşyrymly bir ýagdaý. Türkmenistanyň bu meselede özbaşyna hereket etmeýän bolmagy-da ahmal. Elbetde, hazarýaka bäş ýurduň bardygyny ýatdan çykarmaly däl, emma, Türkmenistanyň häzirki hereketiniň maksadynyň nämedigine garamazdan, bu ýagdaýdan Orsýet bilen Eýran utuş gazanar. Onsoň Aşgabat bilen Tähranyň ýa-da Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda Aşgabadyň häzirki äden ädimine sebäp bolaýjak haýsydyr bir diskussiýa ýa aragatnaşyk boldumyka diýen sorag ýüze çykýar.

Bilişiňiz ýaly, ýakynda Türkmenistanyň dawaly territoriýa öz gämisini iberenligi sebäpli, iki ýurduň arasynda diplomatik çekeleşikler ýüze çykypdy.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin bu dartgynlyklar häzir ýüze çykdy?

Robert M. Cutler: Bu bir geň ýagdaý, sebäbi Ýewropa Bileleşigi Transhazar gazgeçirijisiniň gurluşygy baradaky soňky ylalaşyga gol çeker diýen pikir bardy.

Ýatladyp geçsek, Ýewropa Geňeşine Türkmenistandyr Azerbaýjan bilen gönümel gepleşikleri geçirmäge hem-de degişli ylalaşyklara gol goýmaga ygtyýar berildi. Şeýlelikde bu ylalaşyk iki bölekden ybarat bolmalydy, birinjisi, senagat, ýagny gurluşygyň tapgyrlary barada, ikinjisem, howpsuzlygy üpjün edýän syýasy meseleler barada. Bu hem öz gezeginde Türkmenistanyň elmydama öňe sürüp gelýän şertlerinden biridi. Soňky bolup geçen wakalardan soň, bu proýektiň ýagdaýy hem nämälim bolup galýar.

Azatlyk Radiosy: Siz soňky bolup geçen wakalarda Türkmenistanyň özbaşyna hereket etmeýändigi barada güman bildirdiňiz. Eger şeýle bolsa, Türkmenistanyň uzak wagtdan bäri amala aşyrmaga synanyşýan proýektine päsgelçilik döretdigi bolar, ol näme üçin beýtsin?

Robert M. Cutler: Men hem şu soragy öz-özüme berýärin, bu ýagdaýy düşündirýän birnäçe sebäp bolup biler, şol sebäpleriň biri-birinden üzňe bolmazlygy mümkin. Birinjiden, häzirki wagtda gaz we nebit barada karar kabul ediji mehanizm barha merkezileşdirilip, ol prezidentlik apparatyna, hatda prezidentiň şahsyýetinde berkidilýär.

Şol bir wagtyň özünde-de Berdimuhamedowyň şeýle ylalaşyklary düzmäge ýa-da öňünde goýlan teklipleriň bahasyny kesgitlemäge gerekli professional tejribesiniň ýokdugyny hem bilýäris.

Mundan başga-da, degişli bölümlerde kadrlaryň ýygy-ýygydan çalşylmagy, hem-de şol kadrlar çalşylanda degişli pudaklaryň karar kabul ediji mihanizmine täsir ýetirmezligi ýaly meselelere ýeterlik üns berilmändigini hem bilýäris.

Bir tarapdan, prezidentiň özi bu meselä ünsüni güýçlendirmeli. Onuň bu mesele barada ikirjiňlenmegi gaty uzaga çekdi. Munuň iki sebäbiniň bolmagy mümkin. Birinjisi, Orsýet bilen deňeşdirilende Türkmenistanyň sýyasy taýdan ejizligi sebäp bolup biler. Eger ýadyňyzda bolsa, Medwedew Orsýetiň prezidenti wagty, Türkmenistanyň territoriýasyna Orsýetiň harby güýçlerini girizmäge hiç hili päsgelçiligiň bolup bilmejekdigini aýdypdy. Elbetde, ýükleri daşamak hem harby nukdaýnazardan seredilende, onuň aýdýanlary dogry bolup biler. Harby çärelere baş goşmak baradaky haýbaty Orsýetiň gural hökmünde ulanmanlygyny aýtmak kyn.

Şol bir wagtyň özünde-de, bu meselede özüňi alyp barmak bilen bagly hem käbir ýagdaýlar bar. Eger Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň şu gazgeçiriji barada ikirjiňlenmegi uzaga çekmedik bolsady, onda şol gazgeçirijiniň gurluşygy bireýýäm amala aşyrylardy, ol bireýýäm gurlardy.

Meselem, Hytaýa çekilen gazgeçiriji barada aýdylanda, ol örän çalt planlaşdyrylyp, haýran galarlyk derejede gysga wagtda örän tiz durmuşa geçirildi. Maksat bu ýagdaýdan ýalňyş netije çykarmak däl, eger Türkmenistanyň prezidenti bolsaň, üstesine-de Aşgabadyňky ýaly geosýyasy şertler bilen gurşalan bolsaň, belkem, garaýşyň şeýle-de bolar.

2006-njy ýyldan bäri bu iki ýurduň gatnaşygynyň göz-görtele artanlygyna garamazdan, dawaly Kepaz we Serdar gaz ýataklary baradaky meseläni çözmek ugrunda Baku bilen Aşgabadyň arasynda geçirilýän gepleşiklerde soňky döwürlerde belli bir derejede gowşaklyk göze ilýär. Munuň sebäpleri hakda-de, elbetde, her kesiň öz garaýşy bolup biler.
XS
SM
MD
LG