Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda ýaş režissýorlar täze gahrymany döretdiler


Ýeňiş gazanan gysga filmiň režissýory Wladimir Sim (ortada) geçmişden geljege gelen Abulkhaýyr atly gahrymany görkezdi.

Ýeňiş gazanan gysga filmiň režissýory Wladimir Sim (ortada) geçmişden geljege gelen Abulkhaýyr atly gahrymany görkezdi.

Ýakynda Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen film bäsdeşliginde ýaş film döredijiler Astananyň we bütin ýurduň simwoly bolmaga mynasyp gahrymany döretmäge synanyşdylar.

Agzalalyk ýurduň bölünmek howpuny döredýär. Eli ýaragly erbet adamlar Astananyň ýalpyldap duran köçelerine zarba urýar. Gazagystana gahryman gerek, sebäbi hatda “ýurduň gudratly lideri” hökmünde wasp edilýän awtoritar lider Nursoltan Nazarbaýew hem ýagdaýy öz eline alyp bilmeýär.

Ýaş režissýorlar we animatorlar täze gahrymanlary döredip, ýurdy halas etmegi başarana meňzeýärler. Olaryň döreden gahrymanlary ýurduň milli talaplaryna gabat gelýär.

Bu režissýorlar – Ýaşlar üçin sungat festiwalynyň ýeňijileri. Meşhur gazak režissýory Timur Bekmambetowyň Astanada gurnan bu Halkara festiwaly 3-nji iýulda tamamlandy.

Bäsleşige Aziýa regionynyň 100-den gowrak ýaş režissýorlary gatnaşdy, olardan Gazagystanyň paýtagtynyň simwoly bolup biljek özboluşly gahrymanyň obrazyny döretmek talap edilipdi.

Bäsleşigiň temasynyň Astananyň şu ýylyň dekabr aýynda bellemäge taýýarlanylýan 15 ýyllygyna gabatlap saýlanan bolmagy ahmal. Nazarbaýew nebitden gelýän girdejiler köpelip başlan döwründe, 1997-nji ýylda Gazagystanyň paýtagtyny Almatydan Astana geçiripdi.

Ýeňiji kim?

Ýeňiş gazanan gysga filmiň režissýory Wladimir Sim geçmişden geljege gelen Abulkhaýyr atly gahrymany görkezdi.

Emma Sim täze bir obrazy döretmedi ol orta asyrlarda ýaşan han Abulkhaýyry häzirki döwre göçürdi we oňa ýaramazlyga garşy göreşmek üçin jadygöýlik ukybyny berdi.

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Roza Otunbaýewanyň ogly Ataý Sadybakasow film bäsleşigine özüniň gysga multfilmi bilen gatnaşdy. Onuň “Super gahryman” atly eseri üjünji orny eýeledi, emma Hytaýyň we Günorta Koreýanyň režissýorlarynyň kartinalaryndan yza galdy.

Filmde biline Gazagystanyň milli baýdagyny ýatladýan guşagy dakynan daýaw bir adam öz duşmanlaryny ýeňensoň asmana uçup gidýär.

Indiki kadrda Gazagystanyň prezidentiniň Ak Orda köşgi görkezilýär. Tomaşaçylara arkasyndan görkezilen çal saçly adam öz kömekçisiniň beren gürrüňlerini makullap, başyny atýar. Bu Astananyň hakyky halas edijisiniň Nazarbaýewdigini aňladýar. Hut Nazarbaýewiň özi gerek bolan ýagdaýda gahrymany çagyrýar.

Bu filmi žýuri bilen bilelikde Nazarbaýewiň özi-de, gürrüňsiz, makullardy.
XS
SM
MD
LG