Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýada prezidentleriň ylhamy joşýar


2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan ýa-da onuň awtorlygynda çykan kitaplaryň sany 20-den aşdy.

2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan ýa-da onuň awtorlygynda çykan kitaplaryň sany 20-den aşdy.

Türkmenistanda prezident barada nobatdaky kitap çap edildi. Bu sapar “Milletiň lideri” ady bilen neşir edilen kitap 55 ýaşan Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýubileýine gabatlap çapdan çykaryldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynda döwlet baştutanlarynyň adyndan ýa olaryň şahsyýeti barada ýazylan kitaplar yzly-yzyna çap edilmegi adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Munuň aňyrsynda näme ýatyr? Kitaplar näme üçin çap edilýär?

2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan ýa-da onuň awtorlygynda çykan kitaplaryň sany 20-den aşdy. Bu Merkezi Aziýanyň beýleki döwlet baştutanlary bilen deňeşdirilende onçakly köp hem däl.

Meselem, 102 kitabyň awtory Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew barada 172 sany kitap ýazylypdyr. Ol kitaplaryň ählisini Almatydaky milli kitaphananyň elektron katalog-sanawyndan tapyp bolýar.

Onlarça kitabyň awory Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow barada hem kitaplar yzly-yzyna çap edilip durýar.

Hökümdarlary näme üçin öwýärler?

Täsirli adamlar barada eser ýazmak ýa-da olaryň şanyna goşgy düzmek işi gadymy döwürlerden bäri düşewüntli iş bolup galýar. Özbegistanly taryhçy we žurnalist Umyt Bobomatow hatda meşhur şahyr klassyklaryň ençemesiniň öz döwründe hut şeýdip gün görenligini belleýär.

Meniň pikirimçe, ýolbaşçylary öwmek örän girdejili iş. Bu aýratynam Merkezi Aziýa degişli. Şeýle ýagdaý gadymy döwürlerde hem örän düşewüntli bolupdyr.
“Meniň pikirimçe, ýolbaşçylary öwmek örän girdejili iş. Bu aýratynam Merkezi Aziýa degişli. Şeýle ýagdaý gadymy döwürlerde hem örän düşewüntli bolupdyr” diýip, Bobomatow aýdýar. Taryha syn etsek, her bir hökümdar öz ýanynda özüni wasp edýän şahyrlary we özi barada öwgüli zatlary ýazýan taryhçylary saklapdyr. Orta asyrlara mahsus şeýle tejribeler şu günki güne çenli saklanyp galýar”.

Emma, taryhçy Bobomatowyň bellemegine görä, taryhda hökümdarlary öwmekligiň şeýle işlere baş goşanlar üçin ýaramaz netije beren halatlary-da bolupdyr. Taryhçy soňky günlerini garyplykda we gizlenip geçiren 9-njy asyryň beýik pars klassyk şahyry “Şahnama” odasynyň awtory Ferdöwsiniň ömür ýoluny mysal hökmünde getirdi.

Emma şu günki gün prezidentleri öwmek işiniň tutuş postsowet giňişliginde girdejili bolup galana meňzeýär. Türkmenistanda ýa Özbegistanda ýolbaşçylary öwýänlere bu käriň getirýän peýdasy baradaky maglumatlar çäkli.

Emma Orsýetde muňa birnäçe mysal bar. Meselem, 2011-nji ýylyň aýagynda Putiniň Orsýetiň regionlarynyň ilaty bilen telewideniýe arkaly geçiren duşuşygynda “Uralwagonzawod” kärhanasynyň işgäri Igor Holmanskih Putine halkyň adyndan minnetdarlyk bildirip çykyş edipdi. Munuň yz ýany Putin ony Ural regionyndaky doly ygtyýarly ilçisi edip belledi.

Prezidentler näme üçin ýazýar?

Prezident bolmaklyk tutuş ýurt üçin we her bir raýat üçin uly jogapkärçiligi aňladýar. Bu iş köp güýji we köp wagty talap edýär. Merkezi Aziýanyň liderleri welin, üstesine, yzly-yzyna kitap hem çap edýärler.

Gündogaryň öňki hökümdarlary, patyşalary, emirleri kitap ýazanda öz atlaryny goýmandyrlar-da, edebi lakam bilen çykyş edipdirler.
Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew muny Sowet Soýuzyndan galan tejribe diýip atlandyrýar: “Umuman, döwlet baştutanynyň döredijilik bilen meşgullanmagy, kitap ýazmagy del zat däl. Gündogarda öňdenem gelýän hadysa bu. Ýöne Gündogaryň öňki hökümdarlary, patyşalary, emirleri kitap ýazanda öz atlaryny goýmandyrlar-da, edebi lakam bilen çykyş edipdirler. Bu geçmişiň bir nusgasy”.

Öz döwründe Sowet Soýuzynyň Baş sekretary Leonid Brežnew öz awtorlygynda kitap çap etdirmek bilen giňden tanalypdy.

Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem ençeme kitabyny çap etdiripdi.

Ýazyjylyk ýoly

Prezident Berdimuhamedowyň awtorlygynda iň soňky kitap “Öňegidişlikleriň täze belentlikleri” ady bilen saýlanan eserleriň 5-nji tomy görnüşinde iýunyň aýagynda çap edildi. Resmi maglumatlarda bu kitabyň prezidentiň 111 eserini öz içine alýanlygy aýdylýar.

Berdimuhamedow mart aýynda hem kitap çykarypdy, şonda onuň derman ösümlikler barada nobatdaky kitaby çapdan çykypdy.

Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow (çepde) hem ençeme kitabyny çap etdiripdi.

Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow (çepde) hem ençeme kitabyny çap etdiripdi.

40 ýyllyk ýazyjylyk tejribeli, 18 ýyllap Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginde dürli ýolbaşçylyk wezipelerde işlän Amanmyrat Bugaýew çapdan çykan 15 çemesi kitabyň we çapa garaşýan ýene 5 romanyň awtory. Emma ýazyjy kitap ýazmak Merkezi Aziýanyň syýasy ýolbaşçylarynyň peýdasyna däl diýip hasap edýär.

“Şu zatlar gerekmejek göreldemikä diýýärin. Döwlet baştutanlarynyň dogrudanam wagtlary az. Meniň öz şahsy garaýşyma görä, öz atlary bilen kitaplary yzly-yzyna çap etdirmek döwlet baştutanlarynyň peýdasyna dälmikä diýýärin” diýip, Bugaýew aýdýar. “Meniň pikirimçe, döwlet baştutany anyk iş etse, döwletiň başynda wagty özüniň etmeli işini amal etse, döwlet işini amal etse, gowy bolarmyka diýýärin”.

Resmi maglumatlarda, Türkmenistanyň döwlet baştutany barada ýazylan ozalky kitaplarda bolşy ýaly, ýakyn gunlerde çapdan çykan täze kitapda-da Berdimuhamedowyň döwlet baştutany wezipesindäki işleriniň üstünliklidigi habar berilýär we hatda kitapda çap edilen suratlaryň-da prezidentiň işlerini köptaraplaýyn görkezýänligi bellenýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG