Sepleriň elýeterliligi

Rumyniýa: Konstitusion sud premýer-ministrden şikaýat edýär


Çarşenbe güni Rumyniýanyň Konstitusion sudy ýurduň premýer-ministri Wiktor Pontany bu suduň garaşsyzlygyny howp astynda goýýanlykda aýyplap, Ýewropa Bileleşiginiň häkimiýetlerine ýüz tutdy.

Edebi ogurlykda aýyplanylýan Wiktor Ponta geçen hepde özüniň Ýewropa Geňeşiniň maslahatyna gatnaşmaly däldigi barada Konstitusion suduň çykaran kararyna boýun egmän, bu maslahata Rumyniýanyň adyndan wekilçilik edipdi.

Suduň kararyna görä, bu maslahata Wiktor Pontanyň syýasy garşydaşy, prezident Traýan Basesku gatnaşmalydy.

Premýer-ministr Wiktor Pontanyň parlamentde agdyklyk edýän Sosial Demokratik partiýasy bu wakanyň yzy bilen Konstitusion suduň käbir sudýalaryny çalşyrjakdygy bilen haýbat atdy.
XS
SM
MD
LG