Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň diskussiýasyna Palestina gatnaşdyrylmaz


Çarşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynda global ýarag söwdasy bilen baglanyşykly ylalaşygyň taslamasyna ses berişlige Palestinany gatnaşdyrmazlyk karar edildi.

Bu gelnen karary çarşenbe güni bu baradaky gepleşiklere ýolbaşçylyk edýän Argentinanyň ilçisi Roberto Garsiýa Moritan yglan etdi.

Palestinanyň BMG-däki synçylyk statusy bilen bagly jedeller sebäpli bu gürrüňi edilýän ylalaşyk boýunça ses berişlik hem birneme yza süýşürildi.

BMG-niň işine synçy hökmünde gatnaşýan Watikan hem global ýarag söwdasy bilen bagly ylalaşygyň diskussiýasyna gatnaşdyrylmaýar.

Maglumatda bu ylalaşygyň diskussiýasyna Palestinanyň gatnaşdyrylan halatynda, Ysraýyl bilen ABŞ-nyň wekilleriniň bu diskussiýany terk etjekdikleri bilen haýbat atandyklary aýdylýar.
XS
SM
MD
LG