Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ylym: syrly bölejigiň üstünden baryldy


Bozon bölejikleriniň bardygyny teoretiki taýdan esaslandyran britan fizigi Piter Higgs (sagda) we Ýewropanyň ýadro meselelerini öwreniji guramasynyň baş direktory Rolf-Dieter Heuer bu ylmy merkezde. Meýrin, 4-nji iýul, 2012.

Bozon bölejikleriniň bardygyny teoretiki taýdan esaslandyran britan fizigi Piter Higgs (sagda) we Ýewropanyň ýadro meselelerini öwreniji guramasynyň baş direktory Rolf-Dieter Heuer bu ylmy merkezde. Meýrin, 4-nji iýul, 2012.

Ýewropanyň ýadro meselelerini öwreniji guramasynyň alymlary täze bir subatom bölejiklerini açandyklaryny we bu bölejikleriň “Higgsiň bozony” diýlip atlandyrylýan bölejikler bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

“Hudaýyň bölejigi” diýlip at berlen bozon bölejikleri älemdäki ýyldyzlaryň, planetalaryň we hatda ýaşaýşyň formirlenmek prosesinde nädip material elementleriň biri-birine jebisleşip saklanýandyklaryna düşünmekde iň bir möhüm element bolup durýar diýlip hasaplanylýar.

Bu açyş baradaky täzeligi Ýewropanyň ýadro meselelerini öwreniji guramasynyň metbugat sekretary Joe Inkandela çarşenbe güni Ženewada alymlaryň maslahatynda yglan etdi.

Şu çaka çenli “Higgsiň bozony” diýlip atlandyrylýan bölejik diňe teoretiki taýdan öňe sürlen element hasaplanylyp gelnipdi. Älemde şeýle bolejigiň bardygyny ilkinji gezek 1960-nji ýyllarda britan fizigi Piter Higgs teoretiki taýdan hasaplap çykarypdy.

“Esasy iş öňde”

Ýewropanyň ýadro merkeziniň alymlary häzirki üsti açylan bölejigi hut şol “Higgsiň bozony” diýlip atlandyrylýan bölejik diýip doly tassyklardan heniz birneme irdigini aýdýarlar.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, olar özleriniň häzirki wagt taryhda ilkinji gezek “Hudaýyň bölejigi” diýlip at berlen örän syrly bölejigiň üstüni açmaklyga örän golaý gelendiklerini belleýärler.

Ýewropanyň ýadro meselelerini öwreniji guramasynyň baş direktory Rolf-Dieter Heuer häzirki açyşyň “taryhdaky öwrülişikli bir pursatdygyny” belledi, ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, ol heniz esasy işiň öňdedigini aýtdy.

Çarşenbe güni edilen beýanata ylym dünýäsinde köpden bäri garaşylypdy. Sebäbi, “Higgsiň bölejiginiň” bardygynyň ylmy taýdan tassyklanylmagy teoretiki fizikada onlarça ýyllap alnyp barlan işleriň we älemiň işleýiş prinsipi barada bar bolan häzirki düşünjeleriň ýerliklidigini tassyklaýan özboluşly bir esas bolar.

“Higgsiň bozony” diýlip atlandyrylýan bölejik älemiň gurluşyny fundamental taýdan düşündirmekde ulanylýan “Standart Model” teoriýasy boýunça anyklanylmadyk iň soňky bölejik hasaplanylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG