Sepleriň elýeterliligi

Şamar Allen Aşgabatda konsert berdi


4-nji iýulda “Şamar Allen we Anderdougz” Türkmenistanyň Medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde açyk konsert bilen çykyş etdi.

4-nji iýulda “Şamar Allen we Anderdougz” Türkmenistanyň Medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde açyk konsert bilen çykyş etdi.

Düýbi Birleşen Ştatlaryň Luiziana ştatynyň Täze Orlean şäherinde ýerleşýän garyşyk jaz topary “Şamar Allen we Anderdougz” ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Sungat ilçisi maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistana sapar edýär. Sapary ExxonMobil kompaniýasy maliýeleşdirdi.

Bu jaz topary Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasynda, dürli sazçylyk mekdeplerinde we dynç alyş merkezlerinde ençeme saz sapaklary we hemmeler üçin açyk bolan konsertler bilen çykyş edýärler.


4-nji iýulda “Şamar Allen we Anderdougz” Türkmenistanyň Medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde açyk konsert bilen çykyş etdi. Bu toparyň çykyşy konserte gatnaşan paýtagtyň ýaşaýjylarynda uly gyzyklanma döretdi.


Wideoklip: "Sen meniň lukmanym", Şamar Allen we Anderdougz

Amerikan sungatçysy Şamar Alleniň sazlary dürli žanrlary özünde jemleýär.

Konsertden soň Şamar Allen Azatlyk Radiosyna interwýu berdi.
XS
SM
MD
LG