Sepleriň elýeterliligi

Palestin häkimiýetleri Arafatyň jesediniň öwrenilmegini oňladylar


Penşenbe güni Palestinanyň häkimiýetleri Palestin awtonomiýasynyň ozalky lideri Ýasser Arafatyň ölümine anyk nämäniň sebäp bolandygyny anyklamak üçin, onuň jesediniň guburdan çykarylmagyna rugsat beriljekdigini mälim etdiler.

Palestinanyň häkimiýetleriniň bu kararyna Ýasser Arafatyň aýaly Suha Arafatyň eden haýyşy sebäp boldy.

Bu wakanyň öňýany, ýakynda Şweýsariýanyň ylmy laboratoriýasy Ýasser Arafatyň 2004-nji ýylda öz ölüminiň öňýany geýen geýimlerinden adam organizmi üçin howply radioaktiw polonium maddasynyň ýokary derejedäki möçberiniň tapylandygyny mälim etdi.

Bu barlaglary geçiren radiasiýa fizikasy boýunça institutyň ýolbaşçysy Fransois Boçurd bu mesele boýunça anyk netijä gelmek üçin ýene käbir barlaglaryň geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG