Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýanyň parlamenti prezidenti wezipeden boşatmak isleýär


Penşenbe güni Rumyniýanyň parlamentindäki dolandyryjy koalisiýa ýurduň prezidenti Traýan Baseskuny impiçment arkaly wezipesinden boşatmak üçin, ýörite sessiýa geçirmekligi planlaşdyrýar.

Bu wakanyň öňýany, çarşenbe güni parlamentiň iki palatasynyň-da spikeri wezipelerinden boşadyldy. Olaryň ikisem prezidentiň syýasy tarapdarlary diýlip hasaplanylýar.

Mundan daşary, prezident Baseskunyň esasy garşydaşy bolan premýer-ministr Wiktor Pontanyň hökümeti çarşenbe güni Rumyniýanyň Konstitusion sudunyň parlamentiň kararlaryna garşy höküm çykarmak hukugyny-da elinden alýan karar kabul etdi.

Munuň özi indi premýer-ministre tarapdar parlamentdäki dolandyryjy Liberal Sosial Birleşigi atly koalisiýanyň hiç hili päsgelçiliksiz prezident Baseskuny wezipesinden boşadyp biljekdigini-de aňladýar.
XS
SM
MD
LG