Sepleriň elýeterliligi

Kiýewde protestçiler polisiýa güýçleri bilen çaknyşdylar


Penşenbe güni rus diliniň statusynyň ýokarlandyrylmagyna protest bildirýän ukrainaly oppozision aktiwistler Kiýewde polisiýa güýçleri bilen çaknyşdylar.

Kiýewiň parlamentiniň öňüne ýygnanan 2 müň töweregi protestçi polisiýa bilen çaknyşykda taýaklar we burç sepýän spreýler bilen polisiýa işgärlerine hüjüm etdiler.

Oppozisiýanyň liderlerinden biri, ýurduň ozalky parlament spikeri Arseni Ýatsenýuk “Ukrainanyň halky prezident Ýanukowiçiň diktaturasyna garşy protest bildirýär. Biz öz ýurdumyzy, konstitusiýamyzy we dilimizi goraýarys” diýip, çykyş etdi.

Rus diliniň resmi dil hökmünde ulanylmagyna ýol açýan täze kanuny proýektiň parlamentde kabul edilmegine protest bildirip, parlamentiň spikeri Wladimir Litwin hem çarşenbe güni wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.
XS
SM
MD
LG