Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG Aşgabatda internet azatlygyna çagyrýar


ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç

ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç türkmen paýtagty Aşgabatda geçirilýän Merkezi Aziýa boýunça 14-nji media konferensiýasynda bu gurama agza döwletleri internetiň raýatlara elýeterliliginiň öňüne böwet bolmazlyga çagyrdy.

Miýatowiç internetiň “söz azatlygy üçin açyk we jemgyýetçilik forumy” bolmalydygyny hem nygtady.

ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça bölümi tarapyndan gurnalan bu forum Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda, hususan-da Türkmenistanda ençeme web sahypalary, şol sanda sosial media platformalary halk köpçüligine elýeterli däl, olaryň köpüsi petiklenen. Türkmenistanyň Döwlet eýeçiligindäki habar beriş serişdeleri bolsa köp halatlarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy öwmek üçin ulanylýar.

Adam hukuklary boýunça “Freedom House” guramasy ÝHHG-niň agzasy Türkmenistany media azatlygy boýunça “iň ýaramazlaryň ýaramazy” bolan sekiz döwletiň arasynda görkezipdi.

“Adaty görnüşden onlýan media tarap: iň gowy tejribeler we mümkinçilikler” ady bilen gurnalan bu konferensiýa Aşgabatda 5-6-njy iýul aralygynda geçirilýär.

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew bu konferensiýany gurnamak üçin Aşgabada baran ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz ilki bilen bu konferensiýa, onda seredilýän meseleler barada gürrüň berseňiz?

Dunýa Miýatowiç: Merkezi Aziýa boýunça Media konferensiýasy Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýär. Mundan ozal beýle çäre hiç haçan bu ýerde amala aşyrylmandy. Şu sebäpli-de, azat metbugat baradaky meseleleri maslahat etmek üçin, bu ýer juda wajyp. Şu ýylky maslahatyň dowamynda onlaýn media barada düşünje berler. Bu diňe bir Türkmenistan üçin möhüm bolman, eýsem tutuş Merkezi Aziýa döwletleri üçin wajypdyr. Maslahata hökümetiň, graždan jemgyýetçiliginiň 150 çemesi wekili gatnaşýar. Konferensiýa şu gün başlanyp, iki gün dowam eder.

Azatlyk Radiosy: Türkmen tarapynyň bu konferensiýa gatnaşyşy barada maglumat beräýseňiz?

Dunýa Miýatowiç: Meniň ilki bilen gözüme ilen zat türkmen tarapynyň bu konferensiýany gurnamaga bildiren uly islegi boldy. Bilşiňiz ýaly, bu konferensiýa biziň edaramyz tarapyndan dowamly geçirilip gelinýär.

Biz konferensiýanyň geçirilmegi üçin, meniň Türkmenistana geçen ýyl eden ilkinji saparymdan bäri yzygiderli gepleşikleri geçirip gelýärdik. Şunlukda, men hyzmatdaşlyga we özara dialoga uly ähmiýet berýärin.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, biz metbugat azatlygy ugrunda edilýän anyk işleri we olaryň pozitiw netijelerini görmek isleýäris. Biziň toparymyz ýurduň metbugat boýunça kanunçylygyny reformalaşdyrmak ugrunda hem iş alyp barýar. Biziň edaramyz we beýleki garaşsyz ekspertler ol kanun taslamasynyň içinden geçip, bellikleri we teklipleri taýýarlar ýaly, biz bu kanunyň deslapky görnüşiniň ýakyn wagtyň içinde taýýar boljagyna umyt edýäris. Bu Türkmenistanda döwrebäp we azat metbugatyň ýol almagy üçin möhüm şertleri döredýän kanunynyň bolmagy üçin edilýär.

Elbetde, bu bary-ýogy diňe bir ädim. Biziň ýene-de etmeli juda çylşyrymly we wajyp işlerimiz bar. Biz özara gepleşikleri dowam etdirmeli. Sebäbi Türkmenistanda, Merkezi Aziýada, hatda ÝHHG-e agza 56 döwletde hem ençeme meseleler saklanyp galýar.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistan babatynda haýsy meseleleri göz öňünde tutýarsyňyz?

Dunýa Miýatowiç: Meseleler barada aýdylanda, bu, elbetde, ilkinji nobatda internet azatlygy. Men bu meseläni geçen ýyl Türkmenistana eden iki resmi saparymyň çäklerinde hem nygtap geçipdim. Men beýanatyň we rekomendasiýalaryň üsti bilen internetiň erkin bolmalydygyna ünsi çekdim. Sebäbi azat internet juda wajyp. Adamlaryň internet ulgamyna girmek mümkinçilikleri bolmaly. Men ýaňy metbugat boýunça kanunçylygy hem agzapdym. Garaz, sanaw uly.

Merkezi Aziýa boýunça 14-nji media konferensiýasyna gatnaşyjylar, Aşgabat, 5-nji iýul.

Merkezi Aziýa boýunça 14-nji media konferensiýasyna gatnaşyjylar, Aşgabat, 5-nji iýul.

Azatlyk Radiosy: Siz türkmen hökümeti bilen geçiren gepleşikleriňiziň dowamynda Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri üçin akkreditasiýa meselesini gozgadyňyzmy? Eger-de şeýle ýagdaý bolan bolsa, türkmen resmileriniň muňa jogaby nähili boldy?

Dunýa Miýatowiç: Siziň aýdýan meseläňizi şu saparyň dowamynda maslahat edip bolmady. Sebäbi häzir men diňe konferensiýa meselesi bilen Türkmenistana sapar edýärin.

Men geçen saparymyň dowamynda türkmen hökümetine ýüzlenip, daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin akkreditasiýa prosesini has liberallaşdyrmaga çagyryş etdim. Men bu meseläni mundan beýläk hem gozgamakçy.

Meniň pikirimçe, bu ugurda belli bir derejede özara düşünişmeklik hem-de ylalaşyk bara meňzeýär. Ýöne, gynansam-da, men bu ugurda anyk bir iş amala aşyryldy diýip biljek däl. Emma men sizi bu meseläniň juda açyk we yzygiderli gozgaljakdygyna ynandyrasym gelýär. Sebäbi, meniň pikirimçe, bu mesele juda çynlakaý.

Azatlyk Radiosy: Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky hyzmatdaşy, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew konferensiýa gatnaşjak bolanda, ony goýbermändirler. Siz bu barada näme aýdyp bilersiňiz?

Dunýa Miýatowiç: Men bu barada hiç zat bilemok. Mende bar bolan maglumata görä, konferensiýa gatnaşjak adamlaryň hiç biriniň öňi baglanmady. Gapyda meniň adamlarym hem bardy.

Biziň ylalaşygymyz bardy. Ýagny, konferensiýa gatnaşyjylara hiç hili bökdençlik döredilmeli däldi. Konferensiýa gatnaşmak isleýän her bir adam arkaýyn oňa gatnaşyp bilýär. Bir adamyň oňa goýberilmändigi juda täsin, bu meni geň galdyrdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG