Orsýetiň Derňew komitetiniň resmi maglumatynda Türkmenistanyň raýaty bolan 31 ýaşly Tirkeş Amanowa Orsýetiň Jenaýat kodeksiniň 105-nji maddasynyň ikinji bölegi boýunça işiň kesilenligi habar berilýär. Maglumata görä, Amanow ikiden köp adamy öldürmekde we öz jenaýatynyň üstüni ýaşyrmak üçin pidalarynyň ejizliginden peýdalanmakda günäli tapylypdyr.
Derňew komitetiniň 3-nji iýulda ýaýradan maglumatyna görä, Amanow 2011-nji ýylyň 15-nji awgustynda Moskwa oblastynyň Solneçnogorsk raýonynyň Çernaýa Grýaz obasynda gurluşykçylar üçin salnan jaýda özi bilen bile ýaşan 31 ýaşly zenany we onuň 9 hem 8 ýaşly çagalaryny öldürip, soňra jesetleri gizläp, wakanyň bolan ýerinden gidipdir.
Maglumatda Amanowyň bu jenaýaty gabanjaňlykdan edendigi aýdylýar.
Suduň karary bilen Amanowyň ýörite režimli düzediş koloniýasynda ömürlik türme tussaglygyna höküm edilendigi, şeýle hem suduň ejir çeken tarapyň ahlak we maddy taýdan çeken zyýanynyň öwezini dolmak baradaky talabyny hem kanagatlandyranlygy aýdylýar. Bu kompensasiýanyň mukdarynyň 2 million rubla barabar bolanlygy bellenýär.
Türkmenistanyň raýaty bilen bagly ýüze çykan bu waka barada Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyndan reaksiýa alyp bolmady.
Türkmenistanyň raýatlary bilen bagly jenaýatçylykly wakalar barada Orsýetiň habar beriş serişdelerinde soňky aýlarda ençeme maglumat berildi.
Orsýet Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň daşynda gazanç etmek üçin gidýän esasy ýurtlarynyň biri bolup durýar.