Sepleriň elýeterliligi

Meksikoda berlen sesleriň ýarsyndan gowragy gaýtadan sanalar


Meksikonyň Federal Saýlaw Instituty şu geçen ýekşenbe güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynda berlen sesleriň 54.5 prosentiniň gaýtadan sanaljakdygyny yglan etdi.

Saýlawlar baradaky guramanyň bu kararyna prezidentlik saýlawlarynda ikinji orunda bolan Manuel Lopez Obradoryň eden şikaýaty sebäp boldy.

Çepçi syýasatçy Manuel Lopez Obrador sesleriň sanaýyşlygynda galplyklara ýol berlendigini aýdyp, sesleriň gaýtadan sanalmagyna aýak diredi.

Ýekşenbe güni geçirilen bu prezidentlik saýlawlarynda Meksikonyň Institutlaýyn Rewolýusion partiýasynyň wekili Enrikue Pena Nietonyň 38 prosent ses alyp, ýeňiji bolandygy yglan edilipdi.
XS
SM
MD
LG