Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň prezidenti türkmen diplomaty bilen gepleşik geçirdi


Penşenbe güni Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari öz wezipesinden gidýän Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçisi Sapar Berdiniýazow bilen ýörite duşuşyk geçirdi.

Bu duşuşykda Asif Ali Zardari türkmen diplomaty Sapar Berdiniýazowyň bu ýurtda 17 ýyllap dürli wezipelerde alyp baran diplomatik işleriniň ähmiýetine ýokary baha berýändigini aýtdy.

Pakistanyň prezidenti Türkmenistan bilen Pakistanyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly gyzyklanmanyň bardygyny-da nygtady.

Ýöne Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisiniň öz wezipesinden gitmeginiň sebäpleri barada anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG