Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň wekili Aşgabatda internet azatlygy barada çagyryş etdi


Penşenbe güni Aşgabatda onlaýn mediasy boýunça açylan regional konferensiýada eden çykyşynda ÝHHG-niň media azatlygy boýunça ýörite wekili Dunýa Miýatowiç bu gurama agza ýurtlara internet azatlygy bilen bagly ýörite çagyryş etdi.

Hususan-da, ol ÝHHG agza ýurtlary internetiň raýatlara elýeterliliginiň öňüne böwet döretmezlige çagyrdy.

Bu konferensiýanyň öňýany Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Dunýa Miýatowiç Türkmenistanyň hökümeti bilen gepleşikde ýurduň hökümetini internet baradaky bilimleri hem-de onuň raýatlar üçin elýeterliligini ösdürmeklige çagyrandygyny aýtdy.

ÝHHG-niň press-relizinde Aşgabatda geçýän bu konferensiýa raýat jemgyýetiniň wekilleriniň-de gatnaşyp biljekdikleriniň aýdylandygyna garamazdan, penşenbe güni aşgabatly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu konferensiýa goýberilmedi.

ÝHHG-niň wekili Dunýa Miýatowiç özüniň bu ýagdaýdan habarynyň ýokdugyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG