Sepleriň elýeterliligi

Häkimiýetler Arafatyň jesediniň barlanmagyna rugsat berjekdiklerini aýdýarlar


Palestinanyň öňki lideri Ýaser Arafat 2004-nji ýylyň noýabr aýynda Parižiň etegindäki bir harby keselhananda aradan çykdy.

Palestinanyň öňki lideri Ýaser Arafat 2004-nji ýylyň noýabr aýynda Parižiň etegindäki bir harby keselhananda aradan çykdy.

Palestinanyň ýolbaşçylary 2004-nji ýylda ýogalan ýurduň öňki lideri Ýaser Arafatyň ölümi bilen baglanyşykly has köp derňewiň geçirilmegi üçin, onuň mazarynyň açylyp, jesediniň barlanmagyna rugsat berjekdiklerini aýdýarlar.

Çarşenbe güni Palestina awtonomiýasynyň ýolbaşçysy Mahmud Abbas bu barada has giňişleýin barlag geçirmek üçin hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny bildirdi.

Şweýsar laboratoriýasy öňki palestin lideriniň ömrüniň soňky günlerinde ulanan goş-golamlaryndan ýokary derejede radioaktiw izotoplary tapandan soň, Arafatyň dul aýaly Suha onuň jesediniň barlagdan geçirilmegine çagyryş etdi.

Şweýsar laboratoriýasy Arafatyň goş-golamlaryny onuň islegi bilen barlapdy.

Çarşenbe güni Şweýsariýanyň Lausanne şäherinde ýerleşýän Fiziki radiasiýalar institutynyň ýolbaşçysy Fransua Bohurd geçirilen barlaglaryň netijesinde belli bir derejedäki poloniumyň ýüze çykarylandygyny aýtdy.

“Arafatyň goş-golamlarynyň içinde iň köp radioaktiwlik onuň içki geýminde, Ramallahdan gaýdanda ýa-da Pariže gelende geýen rus telpeginde hem-de diş çotgasynda tapyldy. Onuň diş çotgasynda, beýleki zatlara garanyňda, has köp radioaktiwlik bardy” diýip, Bohurd aýtdy.

Ýöne ol şol poloniumyň daş-töwerekde tebigy taýdan peýda bolan däl-de, Arafatyň öz bedeninden gelendigini anyklamak üçin goşmaça barlaglaryň geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

“Hiç kim poloniumyň onuň bedeninden gelýändigini anyk aýdyp bilmez. Ýöne elimizdäki barlaglaryň netijesi bu ýagdaýy has çuňňur derňemegiň gerekdigini görkezýär. Ýöne şu wagt hiç kim biziň çaklamalarymyza seredip, onuň poloniumdan zäherlenendigi barada netije çykaryp bilmez. Elimizdäki çaklamalara görä, polonium maddasyynyň täsiriniň bolandygyny aýtmak mümkin. Emma häzirki barlaglaryň netijesi esasynda, onuň hakykatdan hem şeýle bolandygyny aýtmak kyn” diýip, Bohurd aýtdy.

Öňki rus içalysy hem-de Kremliň tankytçysy bolan Aleksandr Litwinenkony öldürmek üçin polonium ulanylypdy. Ol 2006-njy ýylda Londonyň bir myhmanhansynda çaýyna radioaktiw madda goşulyp, zäherlenip öldürilipdi.

Palestinanyň öňki lideri ýogalanda 75 ýaşyndady. Palestinanyň resmileri onuň köp wagtdan bäri duşmany bolan Ysraýylyň ony zäherländigini aýdyp gelýärler. Emma Palestinada 2005-nji ýylda geçirilen, emma doly tamamlanmadyk derňewde onuň rak keselinden, AIDS-den ýa-da zäherlenmeden ýogalmandygy bellenipdi.

Palestinanyň öňki lideri Ýaser Arafat 2004-nji ýylyň noýabr aýynda Parižiň etegindäki bir harby keselhananda aradan çykdy. Fransuz doktorlarynyň aýtmagyna görä, ol Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky öýünde birnäçe hepde agyr keselläp ýatandan soň, beýnisine gan inmegi netijesinde ýogalypdyr.
XS
SM
MD
LG