Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: sosial ösüş ministri tussag edildi


Gyrgyzystanyň sosial ösüş ministri Rawşan Sabirow. Bişkek, 2011.

Gyrgyzystanyň sosial ösüş ministri Rawşan Sabirow. Bişkek, 2011.

Penşenbe güni Gyrgyzystanyň sosial osuş ministri Rawşan Sabirow tussag astyna alnyp, soraga çekildi. Bu barada Gyrgyzystanyň milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň metbugat sekretary Nurlan Toktalyýew mälim etdi.

Bu wakanyň öňýany, 4-nji iýulda Nurlan Toktalyýew Gyrgyzystanyň sosial ösüş ministriniň kömekçisiniň 10 müň dollar para alan wagty tussag edilendigini aýdypdy.

N.Toktalyýew Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde: “Derňew işleriniň barşynda ministriň kömekçisi öz ýolbaşçysynyň tabşyrygy boýunça bir daşary ýurt kompaniýasynyň wekilinden iki gezek para alandygyny boýun aldy. Ol 30-njy iýunda 5 müň dollar pul alyp, ministre beripdir, 4-nji iýul güni bolsa 10 müň dollar para alyp duran pursady, ol ele salyndy” diýip, gürrüň berdi.

Gyrgyzystanyň milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň maglumatyna görä, bu para alyşlyklara dahylly diýlip hasaplanylýan ýurduň sosial osuş ministri Rawşan Sabirow häzirki wagt bu komitetiň derňew izolýatorynda saklanylýar.

Gyrgyzystanyň ýörite gulluklary para görnüşindäki bu puluň Gyrgyzystanda çagalaryň ogullyga we gyzlyga berilmegi bilen baglanyşykly iş alyp barmak isleýän bir daşary ýurt firmasy tarapyndan berlendigini aýdýar.

Maglumata görä, bu firma Gyrgyzystanda iş alyp barmak üçin zerur bolan akkreditasiýa almak maksady bilen para beripdir.

Häzirki wagt bu gürrüňi edilýän wakalara ýurduň sosial ösüş ministri Rawşan Sabirowyň näderejede dahyllydygyny anyklamak boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygy aýdylýar.

Çarşenbe güni bu wakalar bilen baglanyşykly Rawşan Sabirowyň iş ýerinde we öýünde barlaglar geçirilipdir.
XS
SM
MD
LG