Sepleriň elýeterliligi

BMG Belarus boýunça derňew alyp barjak ýörite wekili belledi


Anna güni BMG-niň ynsan hukuklary boýunça Geňeşi Belarus boýunça derňew alyp barjak ýörite wekili işe belledi.

BMG-niň bu edarasy özüniň bu ädimini Belarusdaky gynamalar, tussaglara ýaramaz daraşylmagy we käbir beýleki kanun bozmalar barada bar bolan “uly aladalar” bilen baglanyşykly ädilen ädim hökmünde düşündirdi.

Bu baradaky aladalar Belarusda 2010-njy ýylyň dekabrynda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň has-da artdy.

Şol saýlawlaryň netijesine garşy protest bildirilip geçirilen demonstrasiýalarda 700-den gowrak adam, şol sanda prezidentlige kandidatlardan hem ýedisi tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG