Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Siriýa garşy berk sanksiýalaryň ulanylmagyna çagyryş edýär


Anna güni Birleşen Ştatlar, Fransiýa we Britaniýa Siriýanyň režimine garşy has berk sanksiýalaryň girizilmegine çagyryş etdiler we Orsýet bilen Hytaýy bu ugurdaky tagallalara böwet döretmekde tankytladylar.

Fransiýanyň paýtagty Parižde “Siriýanyň dostlary” diýlip atlandyrylýan toparyň geçirýän maslahatynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Siriýadaky syýasy geçiş prosesi boýunça BMG-niň ýörite rezolýusiýa kabul etmelidigini aýtdy.

Şeýle hem, ol bu prosesiň prezident Başar al-Assada we oňa ýakyn resmilere garşy sanksiýalary girizmek arkaly berkidilmelidigini nygtady.

Parižde geçýän bu konferensiýa dünýäniň ýüzden gowrak ýurdundan we Siriýanyň oppozision toparlaryndan wekiller gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG