Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça wekili: ‘Maksadym - hiç kimi ýatdan çykarmazlyk’


Brýussel, 3-nji iýul.

Brýussel, 3-nji iýul.

Patrisiýa Flor ýakynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili wezipesine girişdi. Ol mundan ozal Germaniýanyň Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça wekili bolup işläpdi.

Hanym Flor Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ÝB-niň Merkezi Aziýa, hususan-da Türkmenistan barada alyp barjak sýyasaty we strategiýasy, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistany gyzyklandyrýan dürli meseleler barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasy bäş ýaşyna girdi. Siz onuň üstünlikli bolandygyny aýdýarsyňyz, emma käbir tankytçylar şol strategiýada adam hukuklaryna ýeterlik orun berilmändigini aýdýarlar. Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlar bilen aragatnaşygyňyz barada aýdylanda, ol esasy gün tertibinde duran maddalardan biri bolmaly. Şeýlelikde, tankytçylaryň adam hukuklaryna degişli soraglaryna nähili jogap berip bilersiňiz?

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Patrisiýa Flor

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Patrisiýa Flor

Patrisiýa Flor: Hawa, bu biziň gün tertibimiziň örän möhüm meselesi, onuň hem sebäbi bar. Eger men Merkezi Aziýa boýunça uzak möhletleýin maksatlarymyz barada gürrüň bersem, onda başda duran maddalar howpsuzlyk, durnuklylyk we yzygiderli ösüş baradadyr.

ÝB-niň yzygiderli ösüş boýunça tejribesi şuny görkezýär: yzygiderli ösüşi diňe adamlaryň ählisi karar kabul ediji mehanizme gatnaşdyrylsa, olaryň hak-hukuklary goralsa we ýurtda demokratik düzgünler ornaşdyrylsa gazanyp bolýar. Bu biziň amala aşyrmak isleýän maksatlarymyzyň bir bölegi bolup durýar.

Men edilýän tankytlara düşünýärin, adamlaryň islegleri örän uly, olar munuň ýaly meselelerde gysga wagtyň içinde ösüş gazanylmagyny isleýärler. Ýöne Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlary göz öňünde tutup aýdanymyzda, biz bu regionyň özüne mahsus geçmişiniň, däp-dessurlarynyň bardygyna göz ýetirmeli. Şonuň üçin bu regionda alyp barmaga synanyşýan ösüş programmamyz uzak möhletli plandan ybaratdyr.

Şunlukda, Ýewropa Bileleşiginiň geçen bäş ýylyň dowamynda agzalýan ýurtlar bilen adam hukuklary baradaky dialogy guramalaşdyrmagy başarmagyna uly üstünlik diýip baha berse bolar.

Häzirki wagtda biz Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlarymyz bilen adam hukuklarynyň nämedigi we nämäni ösdürmegiň gerekdigi barada aç-açan gürrüň edip bilýäris. Beýleki bir mesele hem hukuk düzgüni boýunça inisiatiwadyr. Siz Özbegistan barada belläp geçdiňiz, meselem ol ýerde häzir türmelerde düzgünleri kadalaşdyrmak üçin uly proýekt alnyp barylýar.

Ýene-de bir gezek belläp geçmek isleýän, agzalan maddalar hemme zady dessine düýpgöter üýtgetmez, sebäbi bu şol ýurtlarda adam hukuklaryny ösdürmek we kanunynyň dabaralanmagyny gazanmak üçin goýulýan uzak möhletli maýadan ybaratdyr. Biziň isleýän zadymyz hem şu. Biz muny geljekki ýyllarda hem dowam etdirmek isleýäris.

Azatlyk Radiosy: Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça öňki ilçisi jenap Piýer Moreliň tankytçylary onuň şol ýurtlarda hereket edýän graždan jemgyýeti bilen duşuşmakda örän haýal hereket edendigini aýdýarlar. Siz hem regiona sapara gideniňizde şu usul bilen hereket edersiňizmi?

Patrisiýa Flor: Meniň Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlarda roly bolan ähli toparlar, adamlar bilen işleşmek niýetim bar. Elbetde, ÝB ýaly guramanyň ilkinji hyzmatdaşlary hökümet, prezident we ministrler bolup durýar. Ýöne bu duşuşyk geçiriljek toparlaryň diňe bir bölegi. Olaryň beýleki bölegi adamlar we raýat jemgyýetçiligidir. Uzak möhletleýin ösüş üçin raýat jemgyýetçiliginiň proýektlere gatnaşmagy örän möhümdir. Şonuň üçin parlamentiň agzalary, esasan hem orta we kiçi biznes kärhanalarynyň, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleri bilen duşuşmagym mümkin. Şunlukda, hiç kimi ýatdan çykarmazlyk meniň öňümde goýan iň wajyp maksadym.

Azatlyk Radiosy: ÝB-niň iň uly proýektleriniň biri “Nabukko” bilen “Transhazar” gaz geçirijisi. Onuň maksady hem gazy Türkmenistandan Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa akdyrmakdyr. Häzirki döwürde bu iki döwletiň hökümetleri dawalaşyp ýörkä, proýektiň geljegi barada siz näme pikir edýärsiňiz?

Patrisiýa Flor: Ýewropa Bileleşiginiň nukdaýnazaryndan aýtsak, ilki bilen maksadymyz Günorta Koridory açmakdan ybaratdyr. Bu meseläni gozgamagymyň sebäbi, ýakynda Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasynda “Transanatoliýa” geçirijisi barada ylalaşyga gol goýuldy. Bu ylalaşyk Hazary Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa Bileleşigine baglaýar. Günorta Koridor ençeme proýekti öz içine alýar. Elbetde, “Nabukko” olaryň arasynda iň köp gürrüňi edilýänlerden biri, ol amala aşar diýen umyt häzir hem bar, ýöne onuň amala aşmagy ençeme faktorlara baglydyr.

“Transhazar” gaz geçirijisi Kawkaz bilen Merkezi Aziýanyň energiýa resurlaryny biri-birine baglaýan iň esasy köpri bolup durýar. Edil şu sebäpden hem Ýewropa Komissiýasy degişli wekillerimize Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň “Transhazar” boýunça ylalalaşyga gol goýmaklary üçin tagalla etmäge çagyryş edip gelýär.

Eger-de, ýakynda eşidişimiz ýaly, olar öz aralarynda dawalaşyp ýörseler ýa ylalaşman dursalar, bu ýagdaý özara ynam döretmegi kynlaşdyrýar. Şol bir wagtyň özünde-de, olaryň ikisi hem onuň bähbitli hem-de amala aşyrylmaga mynasyp bir proýektdigi bilen ylalaşýarlar. Şeýle-de Hazar deňzi we onuň serhet meselesi boýunça düşünişmezlikleri bu proýekt arkaly çözüp bolmajakdygyna hem göz ýetirýärler.

Şunlukda, ilki bilen Hazar dawasy we bu proýekt baradaky meseläni biri-birinden aýyrmaly. Mysal üçin, bir tarapdan şol deňiz bilen bagly çözülmedik problemalaryň bardygyny ykrar edip, wagtal-wagtal käbir dawalaryň ýüze çykjakdygyna göz ýetirmeli. Beýleki tarapdan bolsa, şeýle problemalara garamazdan, bu proýektiň iki ýurduň hem bähbidine tamamlanýandygyna düşünip, işleşip başlamaly. Meniň pikirimçe, dogry ädim şu bolsa gerek.
XS
SM
MD
LG