Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Synçy Aşgabatda geçirilen media forumy barada


Bu iki günlük konferensiýa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň wekilleri gatnaşdy.
Bu iki günlük konferensiýa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň wekilleri gatnaşdy.
Anna güni Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Metbugat azatlygy boýunça edarasynyň Merkezi Aziýa üçin “Adaty metbugatdan onlaýn-metbugata tarap: öňdebaryjy tejribeler we ösüş ugurlary” atly konferensiýasynyň jemleýji maslahaty boldy. Bu iki günlük konferensiýa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň wekilleriniň gatnaşandygy habar berilýär.

Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýän aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew we Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurbanow konferensiýanyň jemleýji günündäki maslahatyna synçy hökmünde gatnaşdy. Ýazyjy Bugaýew bu konferensiýada gozgalan meseleler barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: ÝHHG Merkezi Aziýa ýurtlarynyň metbugaty boýunça konferensiýasyny ilkinji gezek Aşgabatda geçirýär. Muňa regionda nä derejede gyzyklanma boldy?

A. Bugaýew: Şu konferensiýadan oňyn netijelere garaşylýar. Gyzyklanma-da boldy şuňa. Umuman, resmi gatnaşan delegatlaryň sany 150-den köpräk. Onuň daşyndan, synçy bolup gatnaşanlary, ýene gaýrylary goşsaň, 200 çemesi adam şu konferensiýanyň işine gatnaşdy. Umuman, işjeň ýagdaýda geçdi. Gürrüňi edilenine degýän konferensiýa boldy diýip çaklaýan men.

Azatlyk Radiosy: Konferensiýada Türkmenistana peýdaly boljak, görelde alarlyk nähili tejribeler barada gürrüň edildi?

“Adaty metbugatdan onlýan-metbugata tarap: öňdebaryjy tejribeler we ösüş ugurlary” atly konferensiýanyň jemleýji maslahatynda, 6-njy iýul.
“Adaty metbugatdan onlýan-metbugata tarap: öňdebaryjy tejribeler we ösüş ugurlary” atly konferensiýanyň jemleýji maslahatynda, 6-njy iýul.
A. Bugaýew: Şunda esasan edilen gürrüň, “ähli ýerde horaz deň gygyrýar” diýen ýaly, çykyş edenler öz ýurtlarynda onlaýn medianyň ýola goýluşy, ondaky kemçilikler hakynda gürrüň etdiler. Ine, türkmen tarapyndan Serdar Durdyýew hem çykyş edende kemçilikleriňem bardygyny boýun aldy.

Azatlyk Radiosy: Nähili kemçilikler?

A. Bugaýew: “Şol häzir ýaňy ýola düşüp ugrady – diýdi. – Şuny biz gaty çaltlandyrmaly hem-de häzirki zaman tehnologiýasyna bap gelýän tehnologiýa bilen üpjün etmeli. Iň esasy zadam ilatyň internet düşünjesini, internet sowatlylygyny ösdürmeli” diýip aýtdy. “Sebäbi öňümizde halkara çäreler dur. Meselem, 2017-nji ýylda Türkmenistanda ýapyk sport desgalarynda geçirilýän sport oýunlary boýunça Aziýa ýaryşlary geçiriljek. Ine, şoňa-da biz häzirden taýynlyk görmesek, dünýä boýunça edilýän talaplardan yzda barýas” diýip, o zatlary aç-açan aýtdy.

Serdar Durdyýew Türkmenistanyň şu ugurdan amal edýän hem amal etjek bolýan işleri hakynda konferensiýa gatnaşyjylara habar berdi. Şolardan iň bir ýakymlysy hem bellemäge degişli hasap edýänim – ol häzir Türkmenistanda metbugat hakynda, şol sanda-da onlaýn-internet aragatnaşyklary hakynda ýörite kanunyň taýyn edilendigini, onuň dünýä ekspertleri tarapyndan okalýandygyny, şolar tarapyndan makullanandan soňra, golaý aýlarda Türkmenistanyň Mejlisinde seredilip, şol kanunyň kabul ediljekdigini habar berdi hem-de şol kanunyň dünýäniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän kanundygyny aýtdy. Ine, bu bellemeli tarapy.

Azatlyk Radiosy: Ýurtda käbir saýtlaryň petiklenendigine üns berildimi?

A. Bugaýew: Şu geçirilen konferensiýanyň ahyrynda ýörite deklarasiýa kabul edildi. Umuman, diňe Türkmenistanda däl, eýsem Orta Aziýa regionynda şoň ýaly ýörite beklenýän saýtlar hakynda gürrüň edildi hem-de žurnalistleriň mertebesini kemsidiji kanunlaryň käbiriniň entegem bardygy hakynda gürrüň edildi. Şol deklarasiýa her bölümçesi boýunça, abzasma-abzas ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de şo bellikleriň ählisi ýygnanyp alyndy. Indi şu gün agşam täzeden seretjekler hem-de iň soňky, gutarnykly deklarasiýa soňra, gijräk kabul ediljek diýip aýtdylar.
XS
SM
MD
LG