Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FIFA aýal-gyzlaryň baş örtgüli futbol oýnamaklaryna rugsat berdi


Penşenbe güni Halkara futbol federasiýasy aýal-gyzlaryň arasynda geçirilýän futbol ýaryşlarynda musulman aýal-gyzlaryň dini baş örtgüli ýaryşa gatnaşmaklaryna rugsat beriji karar kabul etdi. Bu barada penşenbe güni FIFA-nyň Sýurihde geçiren maslahatynda karar edildi.

Mundan ozal ýokary derejeli halkara ýaryşlarynda aýal-gyzlaryň baş örtgi ýa-da hijap geýmekleri gadagan edilýärdi.

Mundan daşary, düýnki maslahatda Halkara futbol federasiýasy futbol ýaryşlarynda topuň derweze liniýasyndan geçip-geçmändigini anyklamak üçin, elektron tehnologiýasynyň ulanylmagyna rugsat beriji karar hem kabul etdi.
XS
SM
MD
LG