Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: çaga gaçakçylygynda güman edilýän 802 adam tussag edildi


Anna güni Hytaýda çaga gaçakçylygynda güman edilýän 802 adam tussag edildi.

Hytaýyň Jemgyýetçilik howpsuzlygy boýunça ministrligi bu ýurduň 15 prowinsiýasynda geçirilen soňky operasiýalarda polisiýanyň 181 çagany bikanun gaçakçylardan halas edendigini habar berdi.

Ministrligiň aýtmagyna görä, şu operasiýalaryň netijesinde çaga gaçakçylygy bilen meşgullanýan iki sany jenaýatçy toparyň üsti açylypdyr.

Maşgalalaryň ýeke çagaly bolmalydygy baradaky syýasata eýerýän Hytaýda çagalaryň bikanun gaçakçylygy uly problema bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG