Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýada Milli Kongresiň saýlawlaryna taýýarlyk görülýär


Anna güni Liwiýanyň wagtlaýyn hökümeti ýurduň gündogar regionynda saýlaw komissiýalarynyň ofislerine edilen soňky hüjümlere garamazdan, şu şenbe güni ýurduň Milli Kongresine saýlawlaryň geçiriljekdigini mälim etdi.

Bu wakanyň fonunda anna güni ýurduň Ajdabiýa şäherindäki saýlaw komissiýasynyň jaýy protestçiler tarapyndan otlanyldy.

Bu wakadan bir gün öň bolsa, Bengazi şäherinde ýüzlerçe protestçi bu şäherdäki saýlaw komissiýasynyň binasyna hüjüm edip, ýykan-ýumrançylyklary döretdi.

Şenbe günki saýlawlaryň netijesinde Liwiýanyň Milli Kongresiniň düzümi saýlanylmaly. Ol hem öz gezeginde ýurduň täze hökümetini döreder we täze konstitusiýanyň taslamasyny taýýarlar.
XS
SM
MD
LG