Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: “daşary ýurt agentleri” baradaky kanun tassyklanyldy


Anna güni Orsýetiň parlamentiniň aşaky palatasy daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän garaşsyz guramalary “daşary ýurt agentleri” diýip atlandyrmak baradaky kanunyň taslamasyny oňlap ses berdi.

Orsýetiň dolandyryjy “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň deputatlary tarapyndan öňe sürlen bu kanunyň taslamasy birinji okaýyşlykda 323 deputatyň sesi bilen goldanyldy.

Bu kanunyň taslamasy ýurduň jemgyýetçiliginde ýiti çekeleşikleri döretdi. Anna güni orsýetli aktiwistler Döwlet Dumasynyň binasynyň öňünde bu kanuna garşy protest bildirip, piket geçirdiler.

Bu gürrüňi edilýän kanunda daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän we syýasy işlere goşulyşýan guramalary “daşary ýurt agenti” diýen status esasynda täzeden registrasiýa etmeklik göz öňünde tutulýar. Olaryň registrasiýa edilmekleri üçin edilýän talaplary-da has güýçlendirmeklik planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG