Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Olimpiada barjak delegasiýanyň düzümi tassyklanyldy


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti ýurduň Olimpiýa delegasiýasynyň we sportsmenleriniň Londonda geçjek şu ýylky tomusky olimpiada gatnaşmaklary baradaky permana gol çekdi.

Şol gün bu meselä bagyşlanylyp, Türkmenistanyň Sport we turizm boýunça milli institutynyň maslahatlar zalynda ýörite dabara geçirildi.

Türkmenistanyň resmi habar agentliginiň maglumatyna görä, Britaniýanyň paýtagtynda 27-nji iýul bilen 12-nji awgust aralygynda geçiriljek tomusky Olimpiada Türkmenistandan 23 adamdan ybarat delegasiýa barar. Şolardan 10-sy bu olimpia oýunlaryna gatnaşjak sportsmenler.

Türkmenistanly sportsmenler sportuň bäş görnüşi boýunça, hususan-da, boks, agyr atletika, ýeňil atletika, suwda ýüzmek we dzýudo boýunça bäsleşiklere gatnaşarlar.
XS
SM
MD
LG