Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çöregiň bahasy "keýigiň şahyna" çykdy


Çörek önümleriniň bahasynyň näme sebäpden gymmatlandygy barada anyk maglumat ýok.
Çörek önümleriniň bahasynyň näme sebäpden gymmatlandygy barada anyk maglumat ýok.
Türkmenistanda çörek bilen un önümleriniň bahasy gymmatlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Paýtagt Aşgabadyň dükanlarynda unuň bahasy iki esseden gowrak ýokarlandy. Mundan öň 1-nji sort unuň kilosy 40-45 teňňe bolan bolsa, indi 1 manada bardy.

Hökümete degişli çörek zawodlarynyň uly türkmen çöreginiň bahasy mundan öň 1 manat bolup, häzir ol 1 manat 60 teňňeden satylýar diýlip, habar berilýär.

20 teňňelik buhanka çöreginiň üç esse gymmatlandygy aýdylýar.

Bu aralykda, anna güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet maslahatyny geçirip, beýleki käbir ýolbaşçylar bilen bir hatarda Türkmenistanyň oba hojalyk ministri Merdan Baýramowy we “Türkmengallaönümleri“ assosiýasiýasynyň başlygy Ýoldaş Aşyrowy wezipesinden boşatdy.

Çörek önümleriniň bahasynyň näme sebäpden gymmatlandygy barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.

Ýakynda türkmen metbugaty ýurduň gallaçylarynyň ekin meýdanlaryndan 1 million tonna bugdaý hasylyny ýygnandygyny habar beripdi. Döwletiň bellän galla planyny doldurmak üçin ýene 600 müň tonna bugdaý hasyly ýygnalmaly.

ABŞ-nyň Oba hojalyk departamentiniň bilermenleriniň 2005-nji ýyldaky kesgitlmesine görä bolsa, Türkmenistanyň ilaty üçin ýylda 2,5 million tonna galla gerek.
XS
SM
MD
LG