Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abadan tragediýasyna bir ýyl boldy


Abadan şäherindäki ýaşaýyş jaýlaryndan käbirleriniň häzirki görnüşi. Iýul, 2012.
Abadan şäherindäki ýaşaýyş jaýlaryndan käbirleriniň häzirki görnüşi. Iýul, 2012.
7-nji iýulda Abadan partlamasynyň ýüze çykanyna dogry bir ýyl bolýar. Geçen ýylyň iýul aýyndaky Abadan partlamasynda dörän ýykan-ýumrançylyklardan şu günki gün bu şäherde hiç hili yz galmandyr diýen ýaly.

Abadan partlamasynda iň köp zeper ýeten bu şäheriň 8-nji orta mekdebiniň durkunda hem häzir şol wakadan hiç hili alamatlar galmandyr. Bir ýyl mundan ozal bu mekdep dolulygyna diýen ýaly ýanypdy.

Ýakynda Abadana baryp gaýdan ýerli synçy Nurberdi Nurmämmedow şäheriň häzirki durky barada şeýle diýdi: “Şol waka bolanda, şäheriň käbir jaýlarynyň üçeklerinden raketalaryň giren ýerleri bardy, käbir jaýlaryň üçegi ýaý beren ýagdaýdady. Häzir şol zatlar düzedilipdir. Şäheriň içine gireňde, öten ýylky hadysadan yz göreňok”.

Abadan şäherindäki 8-nji orta mekdebiň gapdalyndaky çagalar bagy hem abatlaşdyrylyp, ol öňki durkundan hem gowulandyrylypdyr. Emma, mekdebiň günortasyndaky açyk meýdandaky harby ammarlardan nam-nyşan galmandyr. Alty aý mundan ozalam partlama döreden şol meýdandaky harby ammarlaryň tümmekleri mekdebiň ýanyndan görünýärdi.

Häzir bu harby ammarlar göçürilip, olaryň ýerleşen ýerleri tekizlenipdir. Abadan partlamasynda zeper ýeten ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsiniň diwarlarynda partlamadan soňky abatlaýyş işleriniň alamatlary göze ilýär.

Kompensasiýalar hem tölenipdir

Sowet döwründe gurlan 4-5 gatly bu ýaşaýyş jaýlarynyň köne diwarlarynyň fonunda täze oturdylan penjireler tapawutlanyp dur. Ýerli ýaşaýjylaryň käbirleriniň aýtmagyna görä, raketalardyr snarýadlar düşüp, ýangyn emele gelen kwartiralaryň eýelerine döwlet tarapyndan kompensasiýalar hem tölenipdir.



“Meniň agam mekdebiň golaýyndaky ýaşaýyş jaýynda ýaşaýar. Onuň kwartirasyna snarýad düşüp, ähli emlägi ýandy. Oňa hökümet täze telewizor, şifoner we başga-da birnäçe zat berdi” diýip, Abadan şäheriniň ýaşaýjysy, 42 ýaşly Röwşen gürrüň berýär.

Röwşeniň aýtmagyna görä, zeper ýeten kwartiralaryň içi hem döwletiň hasabyna remont edilipdir. Bu işi hususy kärhanalar, ýurduň dürli künjeklerinden kömege iberilen kommunal hojalygynyň işgärleri amala aşyrypdyrlar. Emma, muňa garamazdan, döwlet tarapyndan emläk ýitgileri üçin kompensasiýa almandyklaryny aýdýan abadanlylar hem bar.

“Meniň öýümiň diňe penjeresini goýup, kwartiramyň zeper ýeten otagyny remont etdiler. Emma, meniň ýitiren emlägimiň öwezine hiç zat bermediler” diýip, abadanly 45 ýaşly Ýagmyr öz nägileligini beýan etdi.

Pidalar barada dürli maglumatlar

Abadan şäherindäki pajygaly wakada çekilen adam pidalary resmiler tarapyndan 15 adam diýlip ykrar edilipdi we ölen adamlaryň ýakyn hossarlaryna 15 müň amerikan dollary möçberinde kompensasiýa tölenendigi barada-da ilat arasynda resmi däl maglumatlar bar.

Emma, bu pajygaly wakanyň şaýatlarynyň käbirleri bu betbagtçylygyň pidalarynyň resmi maglumatdaky sanyndan birnäçe esse köpdügini aýdýarlar. Abadanly 42 ýaşly Röwşeniň aýtmagyna görä, Abadan wakasynda wepat bolanlaryň sany resmi taýdan ykrar edilen sandan azyndan iki esse köp.

“Meniň çakym boýunça 30-dan gowrak adam bu partlamanyň pidasy boldular. Partlamadan soň daş-töwerege zyňlan snarýadlary ýygnan harbylaryň hem aralarynda wepat bolanlary bar. Meniň özüm bir gezek 8 sany harbynyň snarýadyň partlamasyndan wepat bolandygyny eşitdim” diýip, Röwşen gürrüň berýär.

Ýerli ýaşaýjylar partlama wagty bosup barýan adamlaryň arasynda hem ölenleriň bolandygyny aýdýarlar. 45 ýaşly Ýagmyr: “Ilata harby ammarlardaky ýangyn barada habar berilmänsoň, dowul emele geldi. Her kim şäherden çykyp gaçyp barýardy. Hiç hili guramaçylykly ewakuasiýa ýokdy. Harby ammarlar tarapyndan ýagýan snarýadlardan gaçyp barýan adamlaryň käbirleri maşynlaryň aşagyna düşüp ýa-da awtoulag çaknyşygyna sezewar bolup, heläkçilige uçradylar” diýip, ýatlaýar.

Täze şäher gurular

7-nji iýulda Abadandaky harby ammarlarda bolan partlamalara bir ýyl bolýar. Häzir bu şäherde şol pajygaly wakany ýatladýan maddy alamatlar galmady diýen ýaly. Şol bir wagtyň özünde-de, şu pajygadan ejir çeken bu şäheri täzeden gurmak barada iş alnyp barylýar.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar aýynyň 7-sinde eden çykyşynda Abadan şäherini gaýtadan gurmak işleriniň haýal etmezden amala aşyrylmagyna buýruk beripdi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň hökümeti täze Abadan şäherini gurmak barada şu ýylyň maý aýynda tender yglan edipdi. “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň maý aýynda çap edilen sanlarynyň birinde yglan edilen şol tenderde täze Abadan şäheriniň Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda guruljakdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG