Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yssy tomsuň energiýa kynçylyklary


Bir-iki günläp elektrik togunyň, tebigy gazyň kesilmegi dogrusynda ýerli ilata hiç hili maglumatyň berilmeýändigini käbir ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler.
Bir-iki günläp elektrik togunyň, tebigy gazyň kesilmegi dogrusynda ýerli ilata hiç hili maglumatyň berilmeýändigini käbir ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler.
Tomsuň yssysynda Türkmenistanyň etraplarynda we oba-şäherlerde ilatyň elektrik togy, tebigy gaz bilen üpjünçiliginiň köplenç ýaramazlaşýandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Türkmenistanyň käbir ýerlerinde köne elektrik liniýalarynyň simleri, işlemeli möwriti öten transformatorlar hem çalşyrylýar, täze gaz turbalary çekilýär. Elbetde, bu işler ilat köpçüligini dürli görnüşli energiýa bilen bökdençsiz üpjün etmäge gönükdirilen.

Ýöne käte bu remont işleri barasynda-da , tomsuň häzirki jöwzasynda öňünden hiç hili duýdurmazdan, bir-iki günläp elektrik togunyň, tebigy gazyň kesilmegi dogrusynda-da ýerli ilata hiç hili maglumatyň berilmeýändigini käbir ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

Eýsem, toguň kesilmegi, ol barada köpçülige wagtynda informasiýa berilmezligi şahsy hojalyklara, edara-kärhanalara, söwda, saglygy saklaýyş, bilim sistemalaryna neneňsi täsir ýetirýär? Bu ugurda dünýä tejribesi nähili? Häkimiýetler gozgalýan problemalar boýunça neneňsi meseleleri çözmeli?

Şu temadan geçirilen "Tegelek Stol" gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:
please wait

No media source currently available

0:00 0:23:59 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG