Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: çinownikleriň uly topary wezipeden gitdi


Ýokary wezipeli çinownikleriň şeýle uly toparynyň birbada wezipelerinden boşadylmagy Türkmenistanda unuň we çörek önümleriniň bahasynyň ur-tut ýokarlan gününe gabat geldi.
Ýokary wezipeli çinownikleriň şeýle uly toparynyň birbada wezipelerinden boşadylmagy Türkmenistanda unuň we çörek önümleriniň bahasynyň ur-tut ýokarlan gününe gabat geldi.
Anna güni Türkmenistanda çörek önümleriniň birnäçe esse gymmatlamagy bilen bir wagtda prezident G.Berdimuhamedow ençeme ýokary derejeli çinownigi wezipesinden boşatdy.

Ministrleriň, welaýat we etrap häkimleriniň hem-de beýleki pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen anna günki hökumet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti ýurtdaky çörek önümleriniň bahasynyň ur-tut ýokarlanmagy bilen bagly ýüze çykan kynçylyklar barada gürrüň gozgamady.

Emma, şol bir wagtyň özünde-de, bu maslahatda prezidentiň permany bilen ýokary derejeli ýolbaşçylardan ençemesi, şol sanda, oba hojalyk ministri M.Baýramow we “Türkmengallaönümleri” Assosiasiýasynyň başlygy Ý.Aşyrow hem wezipelerinden boşadyldy.

Mundan daşary, prezident “Türkmenawtoýollary” Döwlet konserniniň başlygy A.Sarybaýewi, wise-premýer N.Atagulyýewi, Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary A.Altybaýewi, ýurduň Seýdi şäheriniň häkimi A.Wellekowy, şeýle hem Türkmenistanyň etrap häkimleriniň 13-sini wezipelerinden boşatmak baradaky permana gol çekdi.

Galla hasyly bilen baglanyşykly

G.Berdimuhamedow bu etrap häkimleriniň aglabasynyň wezipelerinden boşadylmagynyň sebäbini olaryň şu ýyl galla hasyly boýunça planlaryny ýerine ýetirmändikleri bilen baglanyşdyrdy.

Ýokary wezipeli çinownikleriň şeýle uly toparynyň birbada wezipelerinden boşadylmagy Türkmenistanda unuň we çörek önümleriniň bahasynyň ur-tut ýokarlan gününe gabat geldi.

Türkmenistanda çinownikleriň uly toparynyň wezipeden boşadylan güni paýtagt Aşgabadyň dükanlarynda unuň bahasy iki esseden hem gowrak ýokarlandy. Mundan öň 1-nji sort unuň kilosy 40-45 teňňe bolan bolsa, indi ol 1 manada bardy. Hökümete degişli çörek zawodlarynda bişirilýän uly türkmen çöreginiň bahasy mundan öň 1 manat bolan bolsa, häzir onuň 1 manat 60 teňňeden satylýandygy aýdylýar.

Şu ýyl Türkmenistanda 1 million 600 müň tonna galla hasylyny döwlete tabşyrmaklyk planlaşdyrylan bolsa-da, galla oragynyň tamamlanyp barýan häzirki döwrüne çenli diňe 1 million tonna töweregi galla hasylynyň tabşyrylandygy habar berilýär.

Käbir synçylar Türkmenistanyň öz galla hasylynyň belli bir bölegini daşary ýurtlara eksport etmeginiň-de ýurtdaky un we çörek önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýandygyny öňe sürýärler.

Anna güni geçirilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow “işlerinde goýberen kemçilikleri üçin” Döwlet medisina uniwersitetiniň rektory G.Ezizowany, “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktory B.Sähedowy we “Nesil” gazetiniň baş redaktory K.Rejepowy-da wezipelerinden boşatdy. K.Rejepow "Edebiýat we sungat" gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenildi.
XS
SM
MD
LG