Sepleriň elýeterliligi

Liwanyň polisiýasy Siriýa tarapyndan ok atylýandygyny aýdýar


Şenbe güni Liwanyň polisiýasy Siriýanyň territoriýasyndan atylan artilleriýa oklaryndan liwanly 2 sany gyzyň ölüp, ýene azyndan 10 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Liwanyň Milli habar agentligi Siriýa tarapyndan atylan 20 töweregi snarýad oklaryndan käbirleriniň Wadi Haled raýonyndaky käbir ýaşaýyş jaýlaryna degendigini habar berýär.

Bu wakanyň fonunda bolsa, Siriýanyň döwlet telewideniýesi Liwan tarapyndan “terror toparlarynyň” Siriýanyň Kusaýr şäherine girmäge synanyşandyklaryny we bu wakada ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň terrorçylardan birnäçesini öldürendiklerini habar berdi.
XS
SM
MD
LG