Sepleriň elýeterliligi

Rumyniýa: parlament prezidenti wezipeden boşatmaklygy oňlady


Anna güni Rumyniýanyň parlamenti ýurduň prezidenti Traýan Baseskuny impiçment arkaly wezipesinden boşatmaklygy goldap ses berdi. Bu ses berişlikde parlamentiň 432 deputatyndan 258-si prezident Baseskunyň wezipeden boşadylmagyny oňlady.

Ýöne indi bu kararyň kanuny güýje girmegi üçin geljek 30 günüň dowamynda umumymilli referendum geçirilip, bu mesele halkyň ses bermegine goýulmaly.

Rumyniýanyň parlamentindäki dolandyryjy “Liberal Sosial Birleşik” atly syýasy koalisiýa prezident Baseskuny 2010-njy ýylda maliýe tygşytlaýyş çärelerini yglan etmek arkaly, premýer-ministriň käbir ygtyýarlyklaryny öz üstüne alanlykda aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG