Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň günortasyndaky sil heläkçiliginde azyndan 99 adam öldi


Şenbe güni Orsýetiň Içeri işler ministrligi ýurduň günortasyndaky Krasnodar regionynda agyr ýagynyň netijesinde dörän sil heläkçiliginde azyndan 99 adamyň ölendigini mälim etdi.

Oblast polisiýa bölüminiň resmileri Krasnodar oblastynyň diňe bir Krymsk raýonynda sil heläkçiliginden ölen adamlaryň sanynyň 80-e golaýdygyny aýdýarlar.

Sil heläkçiligi Gara deňziniň kenarynda ýerleşýän Gelenjik we Noworossiýsk şäherlerinde-de birnäçe adamyň ölümine sebäp bolupdyr.
XS
SM
MD
LG