Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hillari Klinton Kabula garaşylmadyk sapar bilen bardy


Şenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton öňünden yglan etmezden, Owganystanyň paýtagty Kabula sapar etdi.

Kabulda gurnalan metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda ol Obamanyň administrasiýasynyň Owganystany Birleşen Ştatlaryň NATO-nyň düzümine girmeýän iň bir esasy ýarany diýip yglan edýändigini aýtdy.

Hillari Klintonyň bu sapary Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda Owganystan meselesine bagyşlanyp geçiriljek halkara konferensiýasyndan bir gün öň gurnaldy. Şenbe güni hem Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bu konferensiýa gatnaşmak üçin Ýaponiýa ugrady.

Owganystanyň hökümeti bu konferensiýada halkara jemgyýetçiliginiň Owganystana ýylda 4 milliard dollar töweregi ýardam bermek barada karar kabul etmegine umyt edýär.
XS
SM
MD
LG