Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň parlamentine ilkinji erkin saýlawlar geçirilýär


Şenbe güni Liwiýanyň parlamentine saýlawlar geçirilýär. Munuň özi soňky 60 ýylda bu ýurduň taryhynda geçirilýän ilkinji azat saýlawlar hasaplanylýar.

Bu saýlawlarda Liwiýanyň 200 orunlyk parlamentine ýurduň dürli partiýalaryndan 3 müň 700 töweregi kandidat dalaş edýär.

Liwiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Nuri al-Abbar bu günki saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 94 prosentiniň işleýändigini, galan 6 prosentiniň howpsuzlyk meseleleri bilen baglanyşykly açylmandyklaryny mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, esasanam, ýurduň gündogar regionynda saýlaw uçastoklaryna edilen hüjümleriň netijesinde 101 sany saýlaw uçastogyny açmak mümkin bolmandyr.

Liwiýanyň täze saýlanjak parlamenti ýurduň täze hökümetini döreder we täze konstitusiýanyň taslamasyny taýýarlar.
XS
SM
MD
LG