Sepleriň elýeterliligi

Türkmen sürüjileri “Ýüpek ýoly-2012” rallisine gatnaşýarlar


“Ýüpek ýoly-2012” atly halkara awtoulag rallisi şenbe güni başlandy.

Moskwa-Gelinjik aralygyndaky geçjek bu awtomobil ýaryşynyň uzynlygy 3,859 km. deň. Ýaryşa 100-e golaý djip we 25 ýük ulagynyň gatnaşýandygy habar berilýär. Türkmen tarapyndan bu ýaryşa jemi ýedi ekipaž gatnaşar.

“Ýüpek ýoly-2012” awtoulag rallisi 13-nji iýulda tamamlanmaly.

Häzirki geçýän ýaryş hasap boýunça eýýäm dördünjidir. Ilkinji ralli, 2009-njy ýylda Kazan-Aşgabat aralygynda geçipdi.
XS
SM
MD
LG