Sepleriň elýeterliligi

Siriýada harby türgenleşikleriň geçirilýändigi habar berilýär


Siriýada giň gerimli harby türgenleşikler başlandy. Bu barada ýurduň mediýasy habar berýär.

“SANA” habar agentliginiň ýekşenbe güni beren maglumatyna görä, türgenleşikler birnäçe gün dowam eder. Türgenleşikler şenbe güni başlanyp, ilki bilen olaryň harby-deňiz tapgyry geçirilipdir.

Türgenleşikleriň dowamynda ýer üsti we howa operasiýalarynyň hem geçiriljekdigi barada resmi mediýa informasiýa berýär.

Ekspertleriň pikiriçe harby türgenleşikler halkara jemgyýetçiliginiň Siriýanyň içerki krizisine goşulmazlygy üçin, göz edilip geçirilýär.

Siriýanyň oppozisiýasynyň käbir toparlary Günbatara ýüzlenip, halkara goşunlarynyň Siriýadaky krizise goşulmaklary üçin çagyryş edipdiler.
XS
SM
MD
LG